Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary şäheriniň tebigy gaz üpjünçiliginde bökdençlik ýüze çykdy


Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň ugrunda ýerleşýän köp gatly ýaşaýyş jaýlary.
Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň ugrunda ýerleşýän köp gatly ýaşaýyş jaýlary.

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy sebitiň administratiw merkezi bolan Mary şäherinde ilatyň gaz üpjünçiligi bilen bagly bökdençlikleriň ýüze çykandygyny habar berýär.

“Mary şäheriniň ýaşaýjylary bir hepde bäri gazsyz ýaşaýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji noýabrda sebitden habar berdi.

Gaz üpjünçiliginiň kesilmegi ilatyň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir etdi. Şäher ýaşaýjylary gyş möwsüminiň öň ýany, köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlarynyň, bug gazanlarynyň işlemeýändigini aýdýarlar.

“Köp gatly jaýlarda adamlar gijelerine otaglaryny elektrik peçleri bilen ýylatmaga synanyşýarlar, gaz bolmansoň, tok peçlerde nahar bişirmäge, çaý gaýnatmaga synanyşýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjylar Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Birnäçe şäher ýaşaýjysy gaz üpjünçiliginiň gaýtadan ýola goýulmagy, köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlarynyň işe girizilmegi barada üç gün ozal şäher häkimligine ýüz tutandyklaryny, ýöne heniz netije alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, häkimlik resmileri şäherde gazyň kesilmegini geçiriji turbalaryň birinde emele gelen “adatdan daşary ýagdaý” bilen düşündirmäge synanyşýarlar.

Azatlyk Radiosy Mary şäherinde tebigy gazyň kesilmegi barada şäher häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.

Bu aralykda, käbir ýerli ýaşaýjylar şäherde gaz üpjünçiligi dikeldilýänçä, beýleki etraplarda ýaşaýan dogan-garyndaşlarynyň hojalyk jaýlaryna wagtlaýyn göçmekçi bolýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistanyň hökümeti oktýabryň ortalarynda paýtagt Aşgabatda we welaýatlarda nobatdaky ýyladyş möwsümine taýýarlyk işlerini maslahat etdi. Resmiler ýurduň sebitlerinde ýyladyş ulgamlarynyň gyş möwsümine doly taýýardygyny aýtdylar.

Bu maslahatyň yz ýany, Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölümleri sebitlerde nobatdaky ýyladyş möwsüminde ýangyn howpsuzlygy bilen bagly düşündiriş çärelerine badalga berdi.

Maryly ýaşaýjylar ilatyň tebigy gaz üpjünçiliginde dörän bökdençligiň öň ýany, sebitiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleriniň hojalyk jaýlaryna aýlanyp, ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilmegine çagyrandyklaryny aýdýarlar.

“Ilkibaşda, Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri şäher jaýlaryna gapyma-gapy aýlanyp, hojalyklarda gaz bilen işleýän gurnama peçleriň gadagan edilýändigini aýtdylar. Bu peçleri aýyrtdylar. Gurnama peç ulanýan hojalyklara jerime salynjakdygyny aýtdylar” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu aralykda, şäheriň gaz üpjünçiliginde dörän arakesme hojalyklarda elektrik energiýasy bilen işleýän enjamlaryň ýygy-ýygydan ulanylmagyna sebäp bolýar. Marynyň elektrik üpjünçilik edarasynyň işgärleri emele gelen bu ýagdaýyň şäheriň elektrik geçirijilerine agram salýandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda, ýerli ýaşaýjylar şäherde gazyň kesilmeginiň yz ýany, Internetiň tizliginiň hem haýallandygyny aýdýarlar. Olar bu ýagdaýa "häkimiýetleriň gaz üpjünçiligi baradaky habarlaryň ýaýramagynyň öňüni almak synanyşyklary" hökmünde garaýandyklaryny aýdýarlar.

“Bu ýagdaýy kimden gizlemeli?! Biz düşünmeýäris. Bular [häkimiýetler] öz etmeli işlerini doly we dogry berjaý etseler, halk kösenmezdi” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Mary şäheriniň ilaty tebigy gaz üpjünçiligi bilen bagly problemalary başdan geçirýän mahaly, Türkmenistan Hytaýa iberýän gaz eksportyny öňküsinden ýarym esse artdyrdy. Türkmen metbugatyna görä, şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda Türkmenistanyň Hytaýa iberýän gaz eksporty, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 53 % ýokarlandy.

Tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýan Türkmenistanyň Mary welaýatynda dünýäniň iň iri gaz känleriniň biri bolan “Galkynyş” gaz käni bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG