Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Zelenski Howpsuzlyk geňeşinden rus infrastruktura hüjümlerini garşy çäre soraýar


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine çäre görmek haýyşy bilen ýüz tutdy.

Russiýa 23-nji noýabrda Ukrainanyň infrastruktura desgalaryna ýene bir gezek giň gerimli zarba uranyndan soň, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine çäre görmek haýyşy bilen ýüz tutdy.

Russiýanyň uran raketa zarbalary alty adamy öldürdi, ukrain şäherlerini sowukda we garaňkylykda galdyrdy.

"Bu gün bary-ýogy bir gün, emma bize 70 sany raketa atyldy. Bu Russiýanyň terror formulasy" diýip, Zelenski Nýu-Ýorkda geçirilen geňeş mejlisine wideo baglanyşygy arkaly ýüzlendi.

Hassahanalar, mekdepler, ulag infrastrukturasy we ýaşaýyş ýerleri howa zarbalaryna duçar boldy diýip, ol Ukrainanyň dünýä jemgyýetçiliginden "gaty berk reaksiýa" garaşýandygyny aýtdy.

"Biz bir halkara terrorçysynyň zamuny bilmeris" diýip, prezident aýtdy. "Russiýa energiýa generatoryny BMG-niň düzgünnamasyndan has güýçli bir gural edinmek üçin elinden gelen ähli zady edýär".

Şeýle-de, Zelenski Russiýany öz hereketleri bilen baglanyşykly haýsydyr bir karara ses bermek hukugyndan kesilmegine çagyrdy.

XS
SM
MD
LG