Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň täze ýaşlar syýasaty ýaş raýatlara nämeleri wada berýär?


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkmenistanda täze kabul edilen ýaşlar syýasatyna nazar aýlaýar.

Türkmenistanda noýabryň başlarynda isleg bildirýän ýaş maşgalalara köpeldilen ýeňillikli bank karzlary berlip başlandy. Döwlet metbugaty bu kararyň “ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen”, hem-de ýaňy-ýakynda Türkmenistanda gaýtadan tassyklanan ýaşlar syýasaty hakyndaky kanuna laýyklykda kabul edilendigini habar berdi.

Türkmenistanda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Kanunyň rejelenen görnüşi 1-nji sentýabrda tassyklanyldy.

Türkmenistanyň täze ýaşlar syýasaty ýaş raýatlara nämeleri wada berýär?
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Döwlet metbugaty bu resminamanyň ýurtda “alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyryp, ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilendigini” aýdýar.

Kanunçylyk türkmenistanly ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna gatnaşmaklary üçin şertleriň döredilmegini özüniň esasy ugurlarynyň hatarynda agzaýar.

Eýsem, Türkmenistanyň ýaşlar syýasaty kanunynyň rejelenen görnüşi iş ýüzünde ýaş raýatlara nämeleri wada berýär?

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Türkmenistanda täze kabul edilen ýaşlar syýasatyna nazar aýlaýar.

Ozalky ýaşlar syýasaty

Garaşsyz Türkmenistanda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” kanun ilkinji gezek Saparmyrat Nyýazow tarapyndan 1993-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda tassyklanyldy. 2013-nji ýylyň awgustynda ýaşlar barada döwlet syýasaty kanuny öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ikinji gezek kabul edildi.

2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda üçünji prezident Serdar Berdimuhamedowyň tassyklan ýaşlar kanuny bilen Türkmenistanda üçünji gezek ýaşlar barada döwlet syýasaty rejelenen görnüşde kabul edilýär.

Galyberse-de, 2013-nji ýylda kabul edilen ýaşlar syýasaty kanunyna 2016-njy, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda azyndan üç gezek üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Täze kanun köne kanundan nähili tapawutlanýar? Döwlet metbugaty soňky resminama bilen döwletiň ýaşlar syýsatynyň hukuk binýadynyň ep-esli pugtalandyrylýandygyny aýdýar. Yzly-yzyna kabul edilýän, ýa-da yzly-yzyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýän kanunlar iş ýüzünde türkmen ýaşlaryna nämeleri wada berýär, ýaşlara haýsy mümkinçilikleri hödürleýär?

Birinjilik bilen, öňki ýaşlar syýasaty kanunyndan tapawutlylykda täze kanun Türkmenistanda “ýaşlar – ýaş raýatlar” hökmünde kabul edilýän raýatlaryň ýaş çägini giňeltdi. Öňki kanuna laýyklykda Türkmenistan döwleti özüniň 14-30 ýaş aralygyndaky raýatlaryna “ýaş raýatlar” hökmünde garaýan bolsa, täze kanun ýaşlyk statusynyň talap edýän 30 ýaş çägini 35-e çykardy. Ýagny, mundan beýläk Türkmenistanda 14-35 ýaş aralygyndaky raýatlar “ýaş raýatlar” hasaplanýar.

"Ýaşlygyň" kesgitlemesi

Kimlere görä, ýaşlyk düşünjesi, sosial konstruksiýa hasaplanýar. "Ýaşlyk" düşünjesi adamyň ýaşaýan sebitine, jemgyýetine we medeni kadalara görä, üýtgäp bilýär. Haýsy ýaşdaky adamlaryň ýaş raýat hasaplanylmalydygyny kesgitleýän halkara kada ýok, ýöne Birleşen Milletler Guramasy 15-24 ýaş aralygyndaky adamlary 'ýaşlar' hökmünde kesgitleýär. Muňa garamazdan, Birleşen Milletler Guramasynyň “Çagalaryň hukuklary baradaky Konwensiýasynyň” Birinji maddasy 18 ýaşa çenli bolan adamlaryň ählisini “çagalar” hökmünde kesgitleýär.

Türkmen kanunçylygynyň “ýaş raýat” kesgitlemesi türkmen medeniýetiniň kesgitlemelerini nä derejede gabat gelýär!? Türkmenleriň arasynda adam ömri ýedi müçä bölünýär. Olar şulardyr:

  • 13 ýaşa çenli çagalyk müçesi;
  • 13 ýaşdan 25 ýaşa çenli jahyllyk müçesi;
  • 25 ýaşdan 37 ýaşa çenli ýigitlik müçesi;
  • 37 ýaşdan 49 ýaşa çenli orta ýaş müçesi;
  • 49 ýaşdan 61 ýaşa çenli aksakallyk müçesi;
  • 61 ýaşdan 73 ýaşa çenli gartaňlyk müçesi;
  • 73 ýaşdan 85 ýaşa çenli garrylyk müçesi.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow 2002-nji ýylyň awgustynda ýörite karar bilen Türkmenistanyň raýatynyň ömrüniň müçelerini täzeden kesgitledi.

Nyýazowyň öňe süren kesgitlemelerine görä, türkmenleriň arasynda ýaşlyk düşünjesi, ýaş adam kesgitlemesi 37 ýaşa çenli bolan raýatlara degişli bolup durýardy. 2002-nji ýylda Türkmenistanda müçeler kanun esasynda şeýle kesgitlenildi:

13 ýaşa çenli ‘çagalyk’ müçesi; 13 ýaşdan 25 ýaş çenli ‘ýetginjeklik’ müçesi; 25 ýaşdan 37 ýaşa çenli ‘ýigitlik’ müçesi; 37 ýaşdan 49 ýaşa çenli ‘kämillik’ müçesi; 49 ýaşdan 61 ýaşa çenli ‘pygamber’ müçesi; 61 ýaşdan 73 ýaşa çenli ‘ruhubelentlik’ müçesi; 73 ýaşdan 85 ýaşa çenli ‘aksakallyk’ müçesi; 85 ýaşdan 97 ýaşa çenli ‘gartaňlyk’ müçesi; 97 ýaşdan 109 ýaşa çenli ‘Oguz han’ müçesi

Görnüşi ýaly, türkmen medeniýetinde 37 ýaşa çenli bolan ýaş aralygy “ýaşlyk” kesgitlemesine degişli bolup durýar.

Ýöne asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, ata-babalardan galan “ýaşlyk” kesgitlemesi türkmenleriň arasynda ruhy kämillik, ugurtapyjylyk, çylşyrymly durmuş şertlerine ukyplylyk, akyl-paýhas, we ahlak gymmatlyklary nukdaýnazaryndan häzirki wagtda hem öz ygtybarlylygyny goraýarmy? Galyberse-de, maddy şertler, ykdysady mümkinçilikler, Türkmenistanda adamyň beden taýdan ösüşine, onuň biologiki ösüşine nähili täsir edýär?

Meseleler we pikirler

Döwlet metbugaty we hökümetçi neşirler ýurtda bagtyýar durmuşyň höküm sürýändigini, ilatyň bolelin durmuşda ýaşaýandygyny gaýtalaýar. Ilatyň hakyky durmuş şertleri, ykdysady şertler, ýurtda iş üpjünçiliginiň ýagdaýy, ýaş raýatlaryň iş üpjünçiligi, galyberse-de, ýurtda azyk önümleriniň elýeterliligi, umuman, adam ömrüniň gymmaty türkmen dilli sosial media ulanyjylarynyň arasynda onçakly giňden ara alnyp maslahatlaşylmaýar.

Jemgyýetçilik saglygy barada makalalary çap edýän saglyk.org saýtynyň çap eden bir okyjy hatynda Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň käbir meselelerine üns çekilýär:

“Türkmen nesliniň müçesi kiçeldi. Kiçelmegine elbetde başga zatlar (ekologiýa, duş gelýän ençeme sosial meseleler, dogry iýmitlenmezlik we ş. m.) hem täsir edýändir. Ýöne meniň pikirimçe, türkmen maşgalasyna, esasan hem ýaş gelinlere belli bir derejede galyň meselesi ýaramaz täsirini ýetirýär” diýip, jemgyýetçilik saglygyna bagyşlanan web sahypa zenan maşgalanyň awtolygynda ýazylan haty öz okyjylaryna ýetirýär.

Gysga hatyň mazmunynda türkmen maşgalalarynda ýaş gelinleriň duçar bolýan meseleleri, bu problemalaryň ýaş nesilleriň geljegine ýetirýän täsirleri agzalyp geçilýär.

“Maşgalany nägilelik, dartgynlylyk ýagdaýy, tukatlyk, toý üçin alnan bergileri üzmegiň aladasy gurşap alýar. Onsoň şeýle durmuşda ýaşaýan gelniň ýagdaýy nähili bolarka?!” diýip, saglyk.org saýtynyň çap eden okyjy hatynda aýdylýar.

Türkmenistanda kabul edilen ýaşlar syýasatynda ýaşlyk kesgitlemesiniň 30 ýaşdan 35 ýaşa çykarylmagy nämäni üýtgedýär? Şeýle bolanda, meselem, raýat 35 ýaşa çenli döwlet tarapyndan ýaş raýatlara hödürlenýän mümkinçiliklerden peýdalanyp bilýär. Aýdaly, sözümiziň başynda türkmen banklarynyň ýaş maşgalalar üçin täze ýeňillikli karzlary yglan edendiklerini habar berdik. Bu karzlardan diňe ýaşy 35-den pes bolan raýatlar peýdalanyp bilýär. Sebäbi, döwlet ýaşy 35-den geçen raýata ýaş raýat hökmünde garamaýar.

Ýöne, ýaş maşgalalara niýetlenen bank karzlary ähli ýaş raýatlara degişli däl. Bu ýeňilliklerden peýdalanmak üçin raýat aýlykly bolmaly. Aýlykly bolmak üçin, işli bolmaly. Iş tapmak üçin köplenç eliňde hünäriň bolmaly. Hünär öwrenmek üçin, kämil bilim almaly. Ähli talaplar we zerurlyklar biri-biri bilen ilteşikli bolup, Türkmenistanda raýatlaryň, şol sanda ýaş raýatlaryň iş mümkinçilikleri çäkli bolmagynda galýar. Döwlet ýurtda işsizligiň derejesini görkezýän anyk sanlary köpçülige hödürlemeýär.

Kanun wadalary

Temadan daşlaşman, ýaşlar syýasatyna dolansak, täze kanun “ýaşlaryň ykdysady özbaşdaklygynyň üpjün edilmegi we olaryň zähmet hukuklarynyň hem-de borçlarynyň durmuşa geçirilmegi” babatynda dürli ugurlary kesgitleýär.

Bu ugurda döwlet syýasaty ýaşlaryň iş üpjünçiligine ýardam bermek boýunça iş alyp berýän guramalary goldamagy wada berýär. Galyberse-de, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini we hünäre ugrukdyrma işlerini durmuşa geçirýän ýaşlar birleşiklerini goldamak; zähmet bazarynda ýaşlaryň durmuşa uýgunlaşmagyna ýardam etmek we bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça programmalary işläp taýýarlamak; ýaşlar kärhanalarynyň döredilmeginde we döwlet belligine alynmagynda talyp we alym ýaşlara ýardam etmek; ýaşlaryň içerki zähmet migrasiýasynyň möçberlerini we ugurlaryny düzgünleşdirmek, amatlaşdyrmak; bilim edarasyny tamamlan, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny zähmet döwrüniň birinji ýylynda adaty salgytdan 50 göterim, ikinji ýylynda 25 göterim ýeňillikli tölemegiň tertibini kesgitlemek ýaly çäreler döwletiň täze ýaşlar syýasatynyň “ýaşlaryň ykdysady özbaşdaklygy” babatdaky ugurlaryny öz içine alýar.

Şeýlelikde bilim edarasyny tamamlan täze hünärmen zähmet ýolunyň ilkinji senesinde döwlete 50 göterim, ikinji ýylynda 25 göterim ýeňillikli salgyt töleýär.

Şeýle-de, täze döwlet syýasaty ýaşlaryň iş bilen üpjünçilik merkezlerini, ýaşlaryň zähmet biržalaryny we talyp ýaşlaryň toparlaryny goldamagy wada berýär.

Türkmen ýaşlary döwlet guramaçylygyndaky köpçülik çäresine gatnaşýar. Arhiw suraty. Türkmenistan.
Türkmen ýaşlary döwlet guramaçylygyndaky köpçülik çäresine gatnaşýar. Arhiw suraty. Türkmenistan.

Ýöne, ýurtda raýatlaryň, şol sanda ýaş raýatlaryň iş üpjünçiliginiň ýagdaýy barada takyk sanlar çap edilmeýän mahaly, Azatlyk Radiosy, mundan ozal, ýurtda giň ýaýran işsizlik, ykdysady kynçylyklar zerarly iş we eklenç gözleginde öz ýurduny terk edip, daşary ýurtlara, hususan-da Türkiýä çykmaga mejbur bolan ýüzlerçe müň türkmenistanlynyň ýüzbe-ýüz bolýan durmuş kynçylyklary barada habar berdi.

Ýaşlar baradaky täze döwlet syýasaty 18 ýaşa, ýagny kämillik ýaşyna ýetmedik ýaşlaryň döwletiň aýratyn goragyndan peýdalanýandyklaryny aýdýar.

Täze döwlet syýasatynda ýaşlaryň durmuş goraglylygy dürli çäreler bilen kepillendirilýär. Meselem, ýaşlar baradaky döwlet syýasaty tölegsiz umumy orta bilim; tölegli ýa-da tölegsiz hünär bilimi; ýaşlaryň öz hukuklary we kanuny bähbitleri baradaky maglumatlary mugt almak mümkinçilikleri; ýaşlaryň döwlet eýeçiligindäki sport we sagaldyş merkezlerine ýeňillikli ýazylmagy; ýaşlaryň hukuk, psihologiýa, mugallymçylyk meseleleri boýunça, şeýle hem maşgala terbiýesi we sagdyn önelgelik meseleleri boýunça maslahatlar görnüşinde durmuş hyzmatlaryny almak mümkinçilikleri; ýaşaýyş jaýyny gurmak we edinmek, mellek ýerlerini edinmek öý hojalygyny edinmek üçin ýaşlara ýeňillikli karzlary bölüp bermek ýaly ugurlar boýunça ýaşlar üçin durmuş goraglylygyny wada berýär.

Şeýle-de, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyna girizilen täze üýtgetmeler bilen orta mekdebi ýaňy tamamlap, ýokary ýa-da orta hünär okuwyna synanyşýan oglanlaryň hökmany harby gulluga çagyrylmagyny wagtlaýyn yza süýşürmäge mümkinçilik berilýär.

Täze döwlet syýasaty, kanun namasyna görä, ýaşlar syýasaty babatda jemgyýetçilik we şahsy başlangyçlaryň ileri tutulmagyny; Türkmenistanda döwlet programmalary işlenilip düzülende ýaşlaryň gös-göni gatnaşdyrylmagyny; ýaşlaryň dürli maksatly toparlarynyň bähbitleriniň we islegleriniň hasaba alynmagyny; döwletiň, raýat jemgyýeti institutlarynyň we telekeçiligiň wekilleriniň arkalaşykly hereketiniň üsti bilen döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny wada berýär.

Türkmenistanda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hereket edýär. Ýöne bu gurama hökümeti degişli guramalary sanawyna goşulmaýar. Ýaşlar guramasy berk döwlet gözegçiligi astynda ýaşlaryň arasynda döwlet syýasatyny wagyz etmek boýunça işleri alyp barýar.

Türkmenistanyň ilatynyň näçe göteriminiň ýaş raýatlardan ybaratdygyny görkezýän takyk statistiki sanlar elýeterli däl. Merkezi Aziýanyň dört ýurdunyň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň – umumy ilatynyň 24,1%-ni ýaşlar emele getirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG