Estoniýanyň goranmak ministri Hanno Pewkur Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan dokuz aýlyk urşunyň dowamynda düýpli gowşandygyna ynanmaýandygyny aýtdy.
“Biz dogruçyl we açyk bolmaly: Russiýanyň deňiz we howa güýçleri azda-kände uruşdan ozalkysy ýaly uly bolmagynda galýar” diýip, Pewkur Berline edýän saparynyň çäklerinde çykyş etdi.
Russiýanyň gury ýer güýçleriniň düýpli ýitgi çekendigine garamazdan, olar “iru-giç” goşunyny 24-nji fewralda başlan hüjüminden ozalky ýagdaýyna getirerler we belki-de has uly hüjüme geçerler diýip, ol belledi.
Ol Russiýanyň Ukrainadaky hüjüminden harby tejribe toplajakdygyny hem nygtady. “Bizde Russiýadan abanýan howpuň gowşandygyna ýa-da NATO abanýan wehimiň kemelendigine ynanmaga esas ýok” diýip, Pewkur sözüne goşdy.