Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň daşary işler ministrleri Ukraina üçin gyşky ýardamy maslahatlaşýarlar


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski, Russiýanyň dowam etdirýän zarbalarynyň arasynda, ýaşaýjylary sowuk we tümlükdäki ýene bir hepdä taýýar bolmaga çagyrdy.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski, Russiýanyň dowam etdirýän zarbalarynyň arasynda, ýaşaýjylary sowuk we tümlükdäki ýene bir hepdä taýýar bolmaga çagyrdy.

NATO-nyň başlygy Ýens Stoltenberg Ýaranlygyň 29-30-njy noýabrda geçýän duşuşygynda Ukraina üçin has köp gyşky ýardamy bermek barada çagyryş eder.

Mundan öň, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski, Russiýanyň dowam etdirýän zarbalarynyň arasynda, ýaşaýjylary sowuk we tümlükdäki ýene bir hepdä taýýar bolmaga çagyrdy.

NATO-nyň daşary işler ministrleriniň Buharestde geçýän sammitinde Ukraina üçin harby ýardamy, şol sanda howa hüjüminden goranyş ulgamlaryny we ok-därileri bermek meselesine hem garalar.

Şol bir wagtda, diplomatlar üpjün etmek meselesinde käbir nogsanlyklaryň bardygyny hem boýun alýarlar.

XS
SM
MD
LG