Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Masky Ukraina sapar edip, rus hüjüminiň zyýanyny görmäge çagyrdy


Elon Mask
Elon Mask

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski amerikan milliarderi Elon Masky Ukraina gelip, Russiýanyň güýçleriniň ýetiren zyýanyny öz gözleri bilen görmegi teklip etdi. Bu barada “The New York Times” neşiri 30-njy noýabrda habar berdi.

Zelenski munuň Mask üçin, Ukraina barada beýanat bilen çykyş etmezden ozal, ýagdaýlara has gowy göz ýetirmegine hemaýat etjekdigini aýtdy.

Zelenski diňe haçanda Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň başlygynyň ýetirilen zyýany öz gözleri bilen göreninden soň, Ukraina urşy nähili tamamlamalydygy barada maslahat bermelidigini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG