Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogarda söweş möwjeýär, Zelenskiniň geňeşçisi uruşda tas 13 müň ukrain esgeriniň öldürilendigini aýdýar


Urain esgerleri Donetsk sebitinde söweşýär.
Urain esgerleri Donetsk sebitinde söweşýär.

Gündogarda gazaply söweşler barýar, Kiýew güýçleri Luhansk we Donetsk sebitlerinde hüjümleriň tolkunlaryna garşy söweşýär diýip, 2-nji dekabrda irden harbylar habar berdi. Prezident Wolodymyr Zelenskiniň geňeşçisi uruş başlanaly bäri tas 13 müň ukrain esgeriniň öldürilendigini aýtdy.

Ýaragly güýçleriň Baş ştaby özüniň gündelik habarynda rus goşunlarynyň 14 ilatly nokatda, şol sanda Luhanskyň Belohorywika sebitinde we Donetskiň Bahmut sebitinde ukrain pozisiýalaryna hüjüm edendigini, şol bir wagtda aragatnaşyk çyzygynyň ugrundaky asuda ilatly nokatlara 30 howa hüjümini we 35 raketa hüjümini amala aşyrandygyny aýtdy.

Ruslar gündogardaky Kupýansk we Liman sebitlerinde hem-de merkezi Ukrainanyň Zaporižýa sebitinde goranyşa geçdi diýip, Baş ştab aýtdy. Moskwanyň güýçleri gündogardaky Bahmut we Awdiýewka ugurlary boýunça bolsa hüjüme geçdi.

Söweş meýdanyndaky habarlary garaşsyz tassyklap bolmaýar.

Zelenskiniň ýokary geňeşçisi Mihaýlo Podolýak 1-nji dekabrda Ukrainanyň Kanal 24 teleýaýlymyna beren interwýusynda fewral aýynda rus çozuşy başlanaly bäri 13 müň töweregi ukrain esgeriniň öldürilendigini aýtdy.

“Bizde Baş ştabyň resmi çaklamalary bar... Ölenleriň sany 10 müň-13 müň aralygynda üýtgeär” diýip, Podolýak aýtdy.

Ol “wagty gelende” Zelenskiniň resmi maglumatlary jemgyýetçilige açjakdygyny aýtdy. Podolýagyň teswirleri harbylar tarapyndan tassyklanmady.

Zelenski iýun aýynda Ukrainanyň uruşda her gün 60-100 esger ýitirýändigini we 500 adamyň ýaralanýandygyny aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu sentýabrda uruşda şol döwre çenli geçen ýedi aý töweregi wagtyň dowamynda 5937 rus esgeriniň öldürilendigini aýtdy.

Bu sanlary garaşsyz tassyklap bolmaýar, iki tarapyň hem öz goşunlarynyň ruhuny pese gaçyrmazlyk üçin ýitgilerini azaldyp görkezýändiklerine ynanylýar.

Geçen aý ABŞ generaly Mark Milleý uruş başlanaly bäri 100 müňden gowrak rus harbysynyň we 100 müň ukrain esgeriniň öldürilendigini ýa-da ýaralanandygyny aýtdy.

Milleýiň hödürlän sanlary – olary garaşsyz tassyklap bolmaýar – ABŞ hökümetiniň şu wagta çenli beren iň takyk sanlary boldy.

Bu aralykda, ýaňy-ýakynda azat edilen günorta Herson şäherinde rus raketalary azyndan bir adamy öldürdi, elektrik toguny hatardan çykardy diýip, şäheriň harby administrasiýasynyň resmisi 1-nji dekabrda giçlik aýtdy.

Halyna Luhowa ýaşaýyş jaýlarynyň zyýan çekendigini we üç ulagyň ot alandygyny aýtdy. Bir gije ozal bolan topa tutmalar şäheriň elektrik liniýalaryna zyýan ýetirdi. Ol ýerde rus güýçleriniň Dnepr derýasynyň gündogar tarapyna çekilmeginden üç hepde töweregi soň, elektrik üpjünçiligi ýaňy bir ýola goýlup başlanypdy.

Atyşyk şeýle bir agyrdy welin, 1-nji dekabrda Hersonda we Ukrainanyň beýleki sebitlerinde howa hüjümleri barada duýduryş berildi.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwada bir metbugat ýygnagynda eden çykyşynda soňky raketa hüjümlerini goldap, olaryň Kiýewiň günbatar ýaraglaryny import etmeginiň öňüni almak üçin Ukrainanyň raýat infrastrukturasyny nyşana alandygyny aýtdy.

“Biz (Ukrianada) siziň (Günbataryň) ruslary öldürmek üçin Ukraina uruş ýaraglaryny goýbermegine mümkinçilik berýän energiýa desgalaryny öçürýäris” diýip, Lawrow aýtdy. “Şonuň üçin ABŞ we NATO bu urşa gatnaşmaýar diýmäň, siz gönüden-göni gatnaşýarsyňyz” diýip, ol aýtdy.

NATO, Birleşen Ştatlary we beýleki Günbatar ýaranlary Ukrainanyň rus çozuşyna we onuň energiýa infrastrukturasyna edýän hüjümlerine garşy özüni goramagyna ýardam bermek üçin Kiýewiň haýyşy boýunça ýarag iberdi. Günbatar ýurtlary ýaňy-ýakynda Ukrainanyň rus hüjümleriniň sebäp bolan zyýanyny bejermegine ýardam bermek üçin generatorlary we beýleki enjamlary ibermek barada ylalaşdy.

Aragatnaşyk kanallarynyň açyk galýandygynyň alamaty hökmünde, Russiýanyň Goranmak ministrligi we Ukrainanyň prezidentiniň diwanynyň başlygy 1-nji dekabrda iki ýurduň 50 gullukçyny alyşandygyny aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi awtobusda begenip serhetden geçýän uruş tussaglarynyň wideosyny çap etdi. “Biz öýe barýarys” diýip, olaryň biri aýtdy we beýleki esgerler kamera ellerini galgatdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG