Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Zelenski Russiýanyň infrastruktura edýän hüjümlerine garşy halkara çäresiniň görülmegini isleýär


Wolodymyr Zelenski

Russiýa 23-nji noýabrda Ukrainanyň infrastruktura desgalaryna ýene bir gezek giň gerimli zarba uranyndan soň, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine çäre görmek haýyşy bilen ýüz tutdy.

Russiýanyň uran raketa zarbalary alty adamy öldürdi, ukrain şäherlerini sowukda we garaňkylykda galdyrdy.

"Bu bary-ýogy bir gün, emma bize 70 sany raketa atyldy. Bu Russiýanyň terror formulasy" diýip, Zelenski Nýu-Ýorkda geçirilen geňeş mejlisine wideo baglanyşygy arkaly ýüzlendi.

Hassahanalar, mekdepler, ulag infrastrukturasy we ýaşaýyş ýerleri howa zarbalaryna duçar boldy diýip, ol Ukrainanyň dünýä jemgyýetçiliginden "gaty berk reaksiýa" garaşýandygyny aýtdy.

"Biz bir halkara terrorçysynyň zamuny bolup galyp bilmeris" diýip, prezident aýtdy. "Russiýa energiýa generatoryny BMG-niň düzgünnamasyndan has güýçli bir gural edinmek üçin elinden gelen ähli zady edýär".

Şeýle-de, Zelenski Russiýanyň öz hereketleri bilen baglanyşykly haýsydyr bir karara ses bermek hukugyndan kesilmegine çagyrdy.

ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Linda Tomas-Grinfild Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň "ukrain halkyna ägirt uly ejir çekdirmek üçin, gyşy aç-açan ýaraga öwürýändigini” aýtdy.

Russiýanyň prezidenti bu "ýurdy tä boýun egip, özüne tabyn bolýança sowukda doňdurmaga synanyşar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Russiýanyň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenzýa Zelenskiniň wideo baglanyşykda çykyş etmeginiň geňeşiň düzgünlerine garşy gelýändigini aýdyp zeýrendi we, Ukraina we onuň Günbatardaky goldawçylary tarapyndan aýdylýan zatlary “oýlanyşyksyz haýbatlar we ultimatumlar” hökmünde häsiýetlendirip, ret etmek bilen jogap berdi.

Nebenzýa Ukrainanyň infrastrukturasyna zyýan ýetiren raketalaryň ýurduň howa goranyş ulgamlary tarapyndan atylan raketalar bolandygyny, olaryň raýat sebitlerine gaçandygyny öňe sürdi we Günbataryň Ukrainany howa goragy raketalary bilen üpjün etmegini togtatmagyna çagyrdy.

Howpsuzlyk Geňeşi Ukrainanyň eden şikaýaty boýunça hiç bir jogap çäresini görjege meňzemeýär, sebäbi Russiýa, weto hukugy bilen, bu geňeşiň hemişelik agzasy bolup durýar.

Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba 23-nji noýabr güni irden Russiýa öz amala aşyran köpçülikleýin raketa hüjümlerinden soň, bütin dünýäde terror döwleti hökmünde ykrar edilmeli diýdi.

Kulebanyň twitterde eden çagyryşy Ýewropa Parlamentiniň Russiýany terrorçylygyň döwlet howandary hökmünde kesgitlemeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Kuleba Russiýanyň "Ukrainanyň paýtagtyna, beýleki şäherlerine garşy amala aşyran raketa terrorçylygynyň" Ýewropa Parlamentine berlen jogap bolandygyny aýtdy. Russiýa ukrain goşunyna garşy adalatly söweşde ýeňiş gazanyp bilmedi, şu sebäpden ol "parahat ilata garşy gorkak we terrorçylyk söweşini gurýar” diýip, Kulebe sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukrainanyň Milli polisiýasynyň başlygy Ihor Klimenko 23-nji noýabrda atylan raketalaryň Ukrainanyň çägindäki 16 desga, şol sanda Kiýew sebitiniň Wişhorod etrabynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýyna gelip urandygyny, üç adamyň ölendigini, 20 adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Ýene bir pida bolsa, günorta Ukrainadaky bäbekhana urlan zarbada ýogalan täze doglan bäbek boldy.

Ukrain goşuny howa goraglarynyň ruslar tarapyndan atylan 70 raketadan 51-sinini urup gaçyrandygyny aýtdy.

Bu hüjümler Kiýewdäki infrastruktura desgalaryna zyýan ýetirdi, paýtagtyň käbir ýerlerini elektriksiz, ýyladyşsyz we suwsyz galdyrdy, emma bu hyzmatlary gijä goýman dikeltmek çäreleri görülýär, ýylylyk we suw üpjünçiligi 24-nji noýabr säherine çenli dikeldiler diýip, Kiýewiň harby administrasiýasy Telegramda aýtdy.

Rus raketalary ýadro elektrik stansiýalarynyň hem ýapylmagyna sebäp boldy, bu ýagdaý Ukrainanyň birnäçe sebitinde we goňşy Moldowa elektrik togunyň kesilmegine getirdi.

Şäher häkimi Andriý Sadowiý Ukrainanyň günbataryndaky Lwow şäheriniň bütinleý elektriksiz galandygyny aýtdy.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, giň gerimde edilen raketa hüjüminden soň, Russiýanyň Ukrainadaky hüjüminiň üstünlikli boljakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

"Ýörite operasiýanyň geljegine we üstünlikli boljakdygyna şübhe ýok" diýip, Peskow aýtdy.

Ýewropa Parlamenti Russiýany terrorçylygyň döwlet howandary hökmünde ykrar etmezinden öň Moskwanyň energiýa infrastrukturasy, hassahanalar, mekdepler we gaçybatalgalar ýaly raýat nyşanalaryna harby zarba urmagynyň halkara kanunçylygyna ters gelýändigini öňe sürdi.

Şondan soň Ýewropa Parlamentiniň web sahypasy kiber hüjümlerine sezewar boldy. Parlamentiň prezidenti Roberta Metsola bu hüjümleriň jogapkärçiligini Kremle tarapdar bir toparyň öz üstüne alandygyny aýtdy.

Zelenski 23-nji noýabrda yglan edilen 400 million dollarlyk täze kömek bukjasy üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna minnetdarlyk bildirdi. Bu kömek bukjasyna ýaraglar, ok-däriler we howa goragy enjamlary girýär diýip, döwlet sekretary Antoni Blinken aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG