Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

THF: ÝHHG-niň ministrler geňeşiniň maslahatynda türkmen wekili ukrain tarapynyň çykyşy dowamynda zaly terk etdi


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ministrleriniň 29-njy geňeşi. Lodz, Polşa. 1-nji dekabr
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ministrleriniň 29-njy geňeşi. Lodz, Polşa. 1-nji dekabr

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň 1-nji dekabrda Polşanyň Lodz şäherinde başlanan iki günlük maslahatynyň dowamynda, Türkmenistanyň wekili ukrain tarapynyň çykyş edip başlamagyndan soň, zaly terk etdi. Bu barada maslahata gatnaşan adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondy (THF) maglumat berýär.

Ol Türkmenistanyň Awstriýadaky we ÝHHG-däki ilçisi Hemra Amannazarowyň, ukrain daşary işler ministri Dmitriý Kulebanyň çykyşyndan soň, yzyna dolanandygyny hem nygtaýar.

Ukrain baş diplomatynyň çykyşy Ukrainadaky urşa bagyşlanypdy.

Türkmenistanyň wekiliniň maslahaty gysga wagtlyk terk etmeginiň anyk sebäpleri anyk aýdyň däl.

Türkmenistan Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina garşy esassyz başladan urşy barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýär. Ol BMG-de Russiýanyň heläkçilikli hereketlerini ýazgarýan ses berlişiklere hem gatnaşmaýar.

XS
SM
MD
LG