Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Ysraýylyň peýdasyna işlemekde aýyplap, dört adamy jezalandyrdy


Köpçülik öňünde adamlary asmaga taýynlanan dar. (illýustrasiýa suraty)
Köpçülik öňünde adamlary asmaga taýynlanan dar. (illýustrasiýa suraty)

Eýranyň döwlet IRNA gullugynyň habaryna görä, Eýran 4-nji dekabrda Ysraýylyň Mossad aňtaw gullugynda işlemekde günäkärlenen dört adamy jezalandyrdy.

Jezalandyrylan tussaglar Hosseýn Orduhanzadeh, Şahin Imani Mahmudabadi, Milad Aşrafi we Manuçer Şahbandi diýlip mälim edildi. Olar Mossaddan ýarag we crypto pul serişdelerini almakda aýyplandy.

Yslam Rewolýusiýa Goragçylary Korpusy, Mossad bilen baglanyşygy bar diýlip çak edilýän birnäçe adamy tussag edendigini habar beripdi we olary Eýranyň raýatlarynyň emläklerini ýok etmekde we alyp gaçmakda aýyplady.

XS
SM
MD
LG