Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen baş diplomaty Moskwada rus kärdeşi bilen duşuşýar


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (sagda) we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow. (arhiw suraty)
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (sagda) we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow. (arhiw suraty)

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 6-njy dekabrda Moskwada özüniň russiýaly kärdeşi Sergeý Lawrow bilen gepleşikleri geçirýär. Bu barada RIA Nowosti gullugy Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa salgyalnyp 30-njy noýabrda habar beripdi.

Zaharowanyň sözlerine görä, Meredow ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça rus-türkmen hökümetara komissiýasynyň 12-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Moskwa geler.

Zaharowa taraplaryň rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň, regional we halkara gün tertibindäki derwaýys meseleleriň, şeýle-de iki ýurduň köpugurly formatlardaky utgaşygynyň maslahat ediljekdigini aýtdy.

Türkmen daşary syýasat edarasynyň websaýtynda bu gepleşikler barada maglumat ýok.

2-nji dekabrda türkmen resmileri ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça türkmen-rus bilelikdäki toparynyň esaslandyrylýandygyny mälim etdiler.

Moskwanyň fewralda Ukraina garşy başladan esassyz urşunyň arasynda, Russiýa garşy halkara sanksiýalary girizildi we ol daşky dünýäden barha üzňeleşdirildi.

Türkmenistan Russiýanyň Ukrainadaky heläkçilikli urşy barada resmi beýanat bilen çykyş etmedi. Şeýle-de, ol BMG-de Russiýanyň weýrançylyklaryny ýazgarýan ses berlişiklere gatnaşman gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG