Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler sowuk howa garamazdan, býujet işgärlerini mejbury pagta ýygymyna çekmegi dowam etdirýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Şu günler Daşoguz we Lebap welaýatlarynda häkimiýetler býujet işgärlerini mejbury pagta ýygymyna çekmek işlerini dowam etdirýärler.

Ýerli çeşmeler we synçylar soňky wagtlarda sebitlere aralaşan sowuk howa garamazdan, hepdäniň dowamynda ýerli edaralarda her dört adamdan bir adamyň ýygyma mejbury çekilýändigini aýdýarlar. Ýygym işleri hepdäniň dynç günlerinde köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar.

“Iş günlerinde nobat boýunça her 20 adamdan 5 adam pagta goýberilýär. Gijeki çalşykda işleýän adamlar işden soň pagta ýygmaga ugradylýarlar. Dynç günlerinde býujet işgärleri köpçülikleýin ýygyma çekilýär” diýip, ýerli çeşmeler we synçylar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdiler.

Raýatlaryň sowuk howada mejbury pagta ýygymyna çekilmegi sebit ýolbaşçylarynyň ýurduň gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak işlerini tutanýerlilik bilen wada berýän wagtlaryna gabat gelýär.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 5-nji dekabrda welaýat häkimleri bilen geçiren iş maslahatynda ýurduň gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylynyň “soňky hanasyna çenli” ýygnalmagyny tabşyrdy. Sebit ýolbaşçylary ýygym möwsüminiň talabalaýyk dowam etdirilýändigi barada hasabat berdiler.

“Bu iki welaýatyň [Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň] häkimleri gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylynyň soňky hanasyna çenli ýygnaljakdygyny wada berdiler. Ýöne sowuk howa barada gürrüň gozgamadylar” diýip, bir ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Howa maglumatyna görä, şu günler Daşoguz welaýatynda howanyň temperaturasy gündizlerine -4 gradusa çenli, gijelerine -15 gradusa çenli aşaklaýar. Lebap welaýatynda bolsa, howanyň temperaturasy gündizlerine 2..4 gradusa çenli, gijelerine -10 gradusa çenli aşaklaýar.

Türkmenistanyň hökümeti heniz üstümizdäki ýyl üçin ýurt boýunça kesgitlenen pagta plan borçnamasynyň doly ýerine ýetirilip-ýetirilmändigini yglan etmedi. Döwlet metbugaty şu günler ýurduň gowaça meýdanlarynda “bar bolan pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak” işleriniň dowam etdirilýändigini, şol bir wagtda, öňümizdäki oba hojalyk möwsüminde gowaça ekiljek meýdanlaryň ekişe taýýarlanýandygyny habar berýär.

Ýurtda noýabryň ikinji ýekşenbesinde bellenilip geçilen Hasyl toýunda hem şu wagta çenli ýygnalan pagta hasylynyň möçberleri barada anyk sanlar aýdylmady.

Dowam edýän pagta möwsümi prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwlet ýolbaşçysy hökmünde gözegçilik edýän ilkinji pagta möwsümi bolup durýar. Galyberse-de, geçen ýyllardan tapawutlylykda bu ýyl Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri pagta plan borçnamasyny doly berjaý eden sebitler barada dabaraly habar bermekden saklanýar. Ozalky ýyllarda türkmen metbugaty pagta hasylyny ilkinji bolup, ýerine ýetiren etraplar barada habar berýärdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar türkmen hökümetini ýurduň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edýärler.

Azatlyk Radiosy Daşoguz we Lebap welaýatlarynda býujet işgärleriniň sowuk howada mejbury pagta ýygymyna çekilmegi barada sebit häkimliklerinden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda dowam edýän pagta möwsümine resmi derejede sentýabryň başynda girişildi. Bu ýyl ýurt boýunça 580 müň gektar meýdana gowaça ekilip, 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnap almak göz öňünde tutulýar.

Oba hojalyk resmileri ýurduň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanylmagy baradaky habarlary ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG