Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Gorno-Badagşanyň tussaglykdaky näresmi lideriniň ýegenini Täjigistana ekstradisiýa etdi

Kurbonjon Aýombekow (arhiw suraty)
Kurbonjon Aýombekow (arhiw suraty)

Russiýanyň resmileri Täjigistanyň gowgaly Gorno-Badagşan sebitiniň tussaglykdaky näresmi lideri Tolib Aýombekowyň ýegenini öz watanyna ekstradisiýa etdiler.

Azatlygyň Täjigistanyň kanun goraýjy gulluklaryndaky çeşmeleri rus polisiýasynyň 33 ýaşly Kurbonjon Aýombekowy 1-nji dekabrda, onuň rus-ukrain serhedini geçjek bolan mahaly saklandygyny aýtdylar. Ol mundan birnäçe gün soň Duşenbä ekstradisiýa edildi.

Aýombekowyň ýakynlarynyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, ol özüniň daýysy Tolib Aýombekow adam öldürmekde, huligançylykda, ogurlykda, neşe we ýarag gaçakçylygynda dagy aýyplanyp, ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmeginden soň, Russiýany terk edip, Ukraina aşmakçy bolupdyr.

Ol Russiýada geçen ýylyň güýzünden bäri ýaşaýardy.

XS
SM
MD
LG