Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda A-95 we A-92 kysymly awtoulag benzininiň gytçylygy dowam edýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Mary welaýatynyň Murgap etrabynda A-95 we A-92 kysymly awtoulag benziniň gytçylygy dowam edýär diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji dekabrda sebitden habar berdi.

Etrabyň ýangyç guýujy beketlerinde A-80 we EKO-93 ulag benzinleri elýeterli bolmagynda galýar.

Ýerli sürüjiler A-80 benziniň hiliniň pesdigini, ýöne bahasynyň elýeterlidigini, şol bir wagtda, ýangyç stansiýalarynda bar bolan EKO-93 kysymly benzini gymmat hasaplaýandyklaryny aýdýarlar.

“Sürüjiler A-80 benzinine isleg bildirýärler. Biz üçin EKO-93 markaly benzin gymmat bolýar, tiz gutarýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Bu aralykda, ýerli sürüjiler pes hilli ýangyjyň awtoulaglary hatardan çykarýandygyny aýdýarlar.

Ýurduň dürli sebitlerinde soňky birnäçe aý bäri ýangyç gytçylygy ýitileşýär. Bu ýagdaý Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda benziniň daşary ýurtlara eksportynyň yzygiderli hasaba alynýan wagtlaryna gabat gelýär.

Şol bir wagtda, energetika serişdelerine baý Türkmenistanyň dürli sebitlerinde dowam edýän ýangyç gytçylygy dünýäde we sebitde energetika krizisiniň dowam edýän wagtlaryna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy soňky wagtlarda Özbegistanyň dürli sebitlerinde, şol sanda paýtagt Daşkentde we Fergana sebitinde ýangyç gytçylygynyň emele gelendigini habar berýär.

Özbegistanyň “Uztransgaz” kompaniýasy 7-nji dekabrda ýurduň Fergana sebitindäki ýangyç beketleriniň wagtlaýyn ýapylýandygyny yglan etdi. Kompaniýa bu kararyny ilkinji nobatda durmuş desgalaryny we ilaty ýangyç bilen üpjün etmek tagallalary bilen esaslandyrdy.

Özbek paýtagtynda emele gelen ýangyç gytçylygy bilen baglylykda, 6-njy dekabrda köpçülikleýin transport serişdeleriniň gatnawynda bökdençlik ýüze çykdy. Daşkendiň köçelerinde taksileriň hem seýrekleşmegi bilen, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy “Toşkent metropoliteni” kärhanasyna salgylanyp, sişenbe güni metrodan peýdalanýan ýolagçylaryň sanynyň görnetin artandygyny habar berdi.

Şu günler Merkezi Aziýanyň beýleki käbir künjeklerinde hem ýerli ýaşaýjylar energetika bökdençlikleri bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

27-nji noýabrda Gazagystanyň Pawlodar sebitiniň Ekibastuz şäherinde ýyladyş desgasynyň hatardan çykmagynyň yz ýany, şäheriň ýyladyş ulgamlarynda bökdençlik ýüze çykdy. Gazak resmileri şäherde adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň administratiw merkezi bolan Aktau şäherinde ýerli häkimiýetler ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin, 5-nji dekabrda tutuş şäheriň ýyly suw üpjünçiligini kesdi.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde güýz aýlaryndan bäri ulag ýangyjynyň dürli görnüşleriniň üpjünçiligindäki bökdençlikler has-da ýitileşýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary oktýabrda we noýabrda ýurduň dürli sebitlerinde emele gelen ýangyç ýetmezçiligi barada habar berdiler.

Ýangyç serişdelerine baý Türkmenistan öz ilatyna iň arzan awtoulag benzinini hödürleýän ýurtlaryň hatarynda galýar. Ýöne soňky aýlarda dowamly ýüze çykýan ýangyç gytçylygy ýerli sürüjileri köseýär.

Murgap etrabynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe sürüji, sebitiň ýangyç guýujy beketlerinde bar bolan EKO-93 kysymly benziniň bahasynyň A-95 görnüşli benziniň bahasy bilen deňleşdirilmegini soraýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistanda A-95 görnüşli ulag benzininiň bir litriniň bahasy 1,5 manat, dizel ýangyjynyň bir litriniň bahasy bolsa 1 manat 35 teňňe bolmagynda galýar.

Maryly sürüjiler EKO-93 görnüşli benziniň bahasynyň 2 manatdan satylýandygyny aýdýarlar.

“EKO-93 benzininiň bahasyny 2 manat etmeli däl, onuň bahasyny hem A-95 benziniň bahasy bilen deňlemeli. Halk bu nyrhy göterenok” diýip, bir ýerli sürüji aýtdy.

Türkmenistanyň energetika resmileri we döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri dowam edýän ýangyç ýetmezçiligini agzamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG