Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň sudy oppozisiýa syýasatçysy Ilýa Ýaşine sekiz ýyldan aşa tussaglyk berdi


Ilýa Ýaşin suduň zalynda
Ilýa Ýaşin suduň zalynda

Moskwanyň sudy oppozisiýa syýasatçysy Ilýa Ýaşini 8,5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Sud bu karary 9-njy dekabrda çykardy.

Ýaşin Ukrainadaky dowam edýän urşuň arasynda rus armiýasy barada ýalan maglumat ýaýratmakda günäli tapyldy.

39 ýaşly Ýaşin iýulda tussag edilipdi. Ol Russiýanyň özünde ýaşaýan sanlyja belli oppozisiýa syýasatçylarynyň biridir.

Ýaşine ýöňkelen aýyplamalar onuň özüniň YouTube kanalynda rus harbylarynyň Ukrainanyň Buça şäherinde amal edendigi öýdülýän jenaýatlary barada ýerleşdiren maglumaty bilen ilteşikli.

XS
SM
MD
LG