Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Russiýanyň Hersona klaster bombalary bilen hüjüm edendigine meňzeýär

Rus güýçleriniň Hersona uran zarbalarynyň netijeleri
Rus güýçleriniň Hersona uran zarbalarynyň netijeleri

Russiýanyň güýçleriniň Ukrainanyň Herson şäherinden yza çekileninden soň, bu sebitiň ilatly nokatlaryna azyndan üç gezek klaster bombalary bilen zarba urandygy aýdylýar. Bu barada 13-nji dekabrda adam hukuklary boýunça Human Rights Watch guramasy mälim etdi.

Bu zarbalar Hersona beýleki ýaraglar bilen hem amal edilýän hüjümleriň bir bölegi bolup, olaryň netijesinde parahat ilatyň arasyndan azyndan 15 adam öldi, 35-si hem ýaralandy.

“Hersonyň ýaşaýjylary sekiz aýlap Russiýanyň okkupasiýasyndan aman galdylar. Olar ahyry gynamalardan azat boldy. Şol bir wagtda, olar saýgarmazdan urulýan zarbalara, görnüşinden klaster bombalarynyň hüjümlerine hem duçar bolýarlar” diýip, Human Rights Watch guramasynyň wekili Belkis Wille aýtdy.

Russiýa Hersony Dnepr derýasynyň çep kenaryndan nyşana alýar.

XS
SM
MD
LG