Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda 32 ýaşly türkmenistanly ýol hadysasynda heläk boldy


Ýol heläkçiliginde ölen Farhat Hojamgulýewiň tanyşlary we dostlary morgyň öňünde. Stambul, 2022-nji ýylyň 16-njy dekabry
Ýol heläkçiliginde ölen Farhat Hojamgulýewiň tanyşlary we dostlary morgyň öňünde. Stambul, 2022-nji ýylyň 16-njy dekabry

Türkmenistanyň raýaty Stambulda ýol hadysasynda heläk boldy. Şol günüň özünde, betbagtçylygyň öňýany ýigit köp ýyllap garaşan türkmen pasportyny aldy.

Farhat Hojamgulyýew motorly barýarka heläkçilige uçrady. Bu betbagtçylyk 15-nji dekabrda sagat 17:00-da Stambulyň Awjylar etrabynda boldy. Ýigidiň jesedi Sud lukmançylygy institutyna (Adli tıp kurumu) eltildi.

Azatlygyň Stambuldaky habarçysy Sofiýa Soltanowa Farhat Hojamgulyýewyň migrantlaryň Türkmenistana pul ugratmagy ugrunda işländigini we onuň heläk bolan pursadynda ýanynda 15 000 amerikan dollary möçberde puluň tapylandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Lebap welaýatyndan bolan 32 ýaşly Farhat Hojamgulyýew soňky 11 ýyllap Türkiýe Respublikasynda bikanun ýaşaýardy. Ol 2 aýlap migrantlar üçin deportasiýa lagerinde bolup, bir aý mundan ozal çykypdy. Betbagtçylygyň öňüsyrasynda ol türkmen pasportyny alyp bildi.

"Farhat şu gün Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygyndan daşary ýurt pasportyny aldy we gysga wagtda öýüne gitmekçidi" - diýip, Sofiýa Soltanowa 15-nji dekabrda aýtdy.

Farhadyň Türkmenistanda ýaşaýan ejesi süýji keselinden ejir çekýär. Zenan agyr halda.

15-nji dekabrdan 16-njy dekabra geçen gije onlarça türkmen raýaty Farhat Hojamgulyýewiň jesedini alyp, Türkmenistana ibermek üçin morgyň öňünde ýygnandylar.

"Morgyň golaýynda ýygnanan dostlary birek-birege gynanç bildirdiler, merhum hakda hoş sözleri aýtdylar. Onuň deportasiýa edilende, tussaglykdan watanyna iberilse has gowy bolardy diýen pikiri öňe sürenler onuň indi tabytda ugradyljagyna gynandy" - diýip, Sofiýa Soltanowa aýdýar.

Şol ýerde merhumyň dostlarynyň arasynda türk aklawçysy hem bardy. Ol merhumyň jesedini tabytly Türkmenistana ugratmak üçin toplanmaly resminamalar barada düşündiriş berdi. Görnüşi ýaly, aklawçynyň sözlerine görä, tabyty ugratmak üçin onuň ýany bilen bir adam ýoldaş bolup gitmeli we zerur resminamalar onuň adyna ýazylmaly.

Farhadyň dostlary merhumy 17-nji dekabrda ulag uçary bilen Türkmenistana alyp gitmäge taýýar adam tapmak üçin sosial ulgamlara bildiriş çap etdiler.

Türkiýäniň Migrasiýa gullugynyň şu ýylky maglumatyna görä, 230 000 çemesi türkmen raýaty ýurtda resmi esasda ýaşaýar. Garaşsyz çeşmelere görä, Türkiýede dokumentleri bolman, bikanun galanlaryň sany birnäçe esse köp.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG