Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Lukaşenkany görmek üçin Belarusa sapar edýär

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýakyn ýarany Aleksandr Lukaşenka bilen. Arhiw suraty
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýakyn ýarany Aleksandr Lukaşenka bilen. Arhiw suraty

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýakyn ýarany Aleksandr Lukaşenkany görmek üçin Belarusa soňky üç ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji saparyny edýär.

Bu sapar onuň Belarusa Ukraina garşy urşa goşulmagy üçin basyş etjekdigi baradaky çaklamalaryň arasyna gabat geldi.

2020-nji ýylda pandemiýa başlaly bäri Russiýadan daşaryk bary-ýogy birnäçe sapar eden Putin 19-njy dekabrda Minskä barýar.

Lukaşenkanyň edarasy iki ýaranyň başa-baş gepleşik geçirjekdigini, olaryň ministrleriniň bolsa integrasiýa meselesinde giňişleýin gepleşik geçirjekdigini aýtdy.

Analitikler we harby resmiler Putiniň Lukaşenkany, rus güýçlerine goşulyp, belarus esgerleriniň hem Ukraina garşy urşa girmegine yrmaga synanyşjakdygyny öňe sürýärler.

Bilermenleriň käbiri rus lideriniň Ukrainanyň harby ýolbaşçylygynyň ünsüni sowmaga synanyşýandygyny we öz güýçlerini gündogardaky gazaply söweşlerden we demirgazyga, Belarus bilen serhede tarap çekmekçi bolýandygyny öňe sürýär.

Ukrainanyň general-leýtenanty Serhiý Naýew 18-nji dekabrda iki lideriň belarus goşunynyň Ukrainadaky urşa has giňden gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG