Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan polisiýa gözegçiligini güýçlendirip, Täze ýyla taýýarlanýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň ähli künjeklerinde, şol sanda Mary we Balkan welaýatlarynda polisiýa edaralary gözegçiligi güýçlendirýär.

Mary şäherinde polisiýa işgärleri gije sagat 10-dan soň köçä çykýan adamlary barlaýar, mugallymlar polisiýa işgärleriniň köçe gözegçiligine çekilýär. Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde polisiýanyň ýangyna garşy edaralary hojalyklara aýlanyp, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada düşündiriş işlerini ýygjamlaşdyrýar. Ýol polisiýasy köçelerde awtoulag hereketiniň gözegçiligini batlandyrýar. Bu çäreleriň ählisi häkimiýetleriň baýramçylyk günlerinde jemgyýetde asudalygy we düzgün-tertibi saklamak hem-de howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegini gazanmak tagallalary bilen düşündirilýär.

“Şu günler Mary welaýatynda güýçlendirme batlandy. Polisiýa işgärleri bilen bir hatarda orta mekdepleriň mugallymlary hem gözegçilik işlerine çekilýär. Adamlaryň arasynda Täze ýyl baýramçylygynda petard ýarmazlyk, gije sagat 10-dan soň öýden çykmazlyk ýaly düzgünler barada düşündiriş geçirýärler” diýip, maryly ýaşaýjylar aýdýarlar.

Şol bir wagtda, sebitiň umumybilim berýän orta mekdeplerinde ýokary synp okuwçy ýaşlaryň arasynda polisiýa işgärleri we mugallymlar tarapyndan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli wagyz-nesihat işleri ýaýbaňlandyrylýar.

Okuwçy ýaşlara Täze ýyl baýramynda özbaşdak oturylyşyk geçirmek, ýa-da partlaýjy petarda atmak gadagan edilýär.

Güýçlendirilen gözegçiligiň fonunda, döwletiň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri Marynyň köçelerinde ýaş oglanlaryň jübülerini barlap, olarda partlaýjy petardlaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklaýar.

Ýatlasak, geçen ýyl Täze ýyl baýramçylygynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda öý şertlerinde ýasalan pirotehnikalar heläkçilige, adam ýitgilerine getirdi.

Polisiýa işgärleri baýramçylykda parlaýjy petardalar bilen ele salnan okuwçy ýaşlaryň ene-atalaryna uly möçberde jerime salynjakdygyny aýdýarlar.

Şuňa meňzeş güýçlendirme çäreleri Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde hem ýaýbaňlandyrylýar.

Ýol gözegçiligi polisiýasy alkogol testinden geçip bilmedik ulag sürüjileriniň, şeýle-de howpsuzlyk kemerini dakman ele salnan sürüjileriň transport serişdelerini uçdantutma jerime duralgalaryna alyp gidýär.

Şeýle-de, köçelerde radarlaryň sany artdyryldy, ýol polisiýasy güreldi.

“Bulardan başga-da, polisiýanyň ýangyna garşy gullugy hojalyklara aýlanyp, Täze ýyl gijesinde öýlerdäki arçalarda elektrik çyralaryny ulanmazlyk, kalýan ýa-da çilim çekmekden, şeýle-de alkogol içmekden saklanmaklyk barada düşündiriş işlerini geçýärler. Gol çekdirýärler. Gaz we elektrik enjamlary talabalaýyk bolmadyk hojalyklara jerime töletdirýärler” diýip, bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, habarçylarymyz baýramçylyk günlerinde dükanlarda alkogol söwdasynyň çäklendirilmegine, gadagan edilmegine garaşylýandygyny, býujet işgärlerine kafelerde we restoranlarda oturylyşyk geçirip, baýramçylyk bellemeginiň hem gadagan edilýändigini habar berýärler.

Baýramçylyk günlerinde býujet işgärleri serhoş tapylsa, işlerini ýitirmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Bulardan başga-da, Täze ýyl güýçlendirmeleriniň çäginde, ozal azatlykdan mahrum edilip, soň azatlyga çykan raýatlaryň ýaşaýyş jaýlarynyň töwereginde polisiýa patrullyk edýär.

“Ýa-da olar galp aýyplama bilen 15 gün möhlete wagtlaýyn tussag edilýär. Ýöne diňe bir ‘garadonly’ adamlar däl, ähli raýatlar berk gözegçilik sebäpli, baýramçylygy duýman geçirýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi aýdýar.

Şeýle-de, alkogola garaşly adamlar hökmünde hasaba alnan adamlara gözegçilik güýçlendirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG