Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryly mugallymlar ilat ýazuwyny geçirmek işlerine mejbury çekilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy dowam edýär. Döwlet metbugaty bu işleriň ýörite okuwlary geçen hasaplaýjylar tarapyndan geçirilýändigini habar berýär. Ýöne Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy bu işlere mekdep mugallymlarynyň hem mejbury gatnaşdyrylýandygyny aýdýar.

"Ilat ýazuwyny geçirmek işlerine häkimligiň işgärleri bilen bir hatarda, her mekdepden azyndan bäş mugallym çekilýär. Olar sowuk howada öýlere aýlanyp, ilat ýazuwy üçin maglumatlary ýygnaýarlar we bir hepdeden gowrak wagt işe gelmeýärler. Daňdan öýlerinden çykýan mugallymlar gije garaňkyda öýlerine barýarlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.

Bu işlere gatnaşmakdan ýüz öwren mugallymlara işden kowulmak howpy abanýar.

"Mekdep ýolbaşçylary ilat ýazuwy üçin maglumatlary ýygnamagy ret eden mugallymlardan 'köpçülikleýin çärelere gatnaşmakdan ýüz öwürýändigi' barada arza ýazmagy talap edýärler. Şeýle-de, olar bu mugallymlara garşy iş gozgaljagyny duýdurýarlar. Munuň soňy köplenç işden çykarylmaga baryp ýetýär. Mejbury çäreleriň ýene birine gatnaşmaly bolýarys" diýip, ýerli mugallym belledi.

Türkmenistanda 27-nji dekabra çenli dowam etjek ilat ýazuwy 17-nji dekabrda başlandy.

TDH "ilat ýazuwynyň ýörite okuwlary geçen hasaplaýjylar tarapyndan sowal-jogap geçirmek hem-de elektron ýazuw resminamalaryny doldurmak arkaly amala aşyrylýandygyny" habar berdi. Ýöne bu işlere mugallymlaryň hem çekilýändigi barada hiç zat aýdylmady.

Ýurtda mugallymlar wezipe borçlaryndan başga-da, köpçülikleýin çärelere, şol sanda arassaçylyk işlerine, köçeleri süpürmäge, ýüpek gurçugyna ideg etmäge, pagta ýygymyna gatnaşmaga mejbur edilýärler.

Bu aralykda, Marydaky habarçymyzyň sözlerine görä, öýlere aýlanýan mugallymlar ýaşaýjynyň doglan ýyly, bilim derejesi we saglygy baradaky maglumatlary soraýarlar.

"Olar maşgala agzalarynyň arasynda daşary ýurda gidenleriň bardygyny ýa ýokdugyny hem soraýarlar. Öýlerde hiç kim ýok bolsa, onda olaryň gapylaryna 'ýaşaýjylaryň şäher häkimligine baryp, maşgala agzalarynyň sanyny belledip gaýtmalydygy' barada hat gysdyrylyp gaýdylýar" diýip, mugallym belledi.

Häkimiýetler häzirki ilat ýazuwynda Türkmenistanda ilat we ýaşaýyş jaý gorlary barada iň täze maglumatlaryň ýygnalmagyna garaşylýandygyny aýtdylar.

Şol bir wagtda, 19-njy dekabrda ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew BMG-niň bilermenleriniň "ilat ýazuwynyň netijelerini mundan beýläk neşir etmek" baradaky tekliplerini "öwrenmäge" taýýarlyk bildirdi. Emma ol netijeleriň çap ediljekdigi ýa-da edilmejekdigi barada anyk bir zat aýtmady.

Öňki ýyllarda ýurduň ilat sanynyň depginli ösýändigini öňe süren türkmen resmileri 15 ýyl bäri, ýagny 2007-nji ýyldan bäri ilatyň sany barada resmi görkezijini çap etmeýärler. 2012-nji ýylda geçirilen soňky ilat ýazuwynyň netijeleri hem yglan edilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG