Ukrain goşuny 2-nji ýanwarda rus güýçleriniň ukrain nyşanalaryna garşy pilotsyz uçarlaryň 44 hüjümini gurandygyny, ýöne olaryň ählisiniň üstünlikli urlup ýykylandygyny aýtdy, Kiýew resmileri bolsa öten agşam paýtagt asmanynda 20 sany nyşananyň urlandygyny aýtdy.
Kiýew resmileri şähere edilen hüjümlerde 19 ýaşly bir erkegiň ýaralanandygyny aýtdylar. Kiýewe edilen hüjümleriň we beýleki bomba partlamalarynyň, şol sanda günorta-gündogardaky Herson şäherine edilen hüjümiň jikme-jiklikler anyklanýar.
Ukrain resmileri rus güýçleriniň Hersonde çagalar hassahanasyny nyşana alandyklaryny aýdýarlar. Azatlyk Radiosy söweş meýdanyndan gowşan habarlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bilmeýär.
Eýranda öndürilen “Şahid” dronlarynyň onlarçasy bilen edilen hüjümler, aýdylmagyna görä, Täze ýyl güni edilen agyr raketa we dron hüjümleriniň bir gün soňundan edildi.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Täze ýyl gabat eden söweşjeň çykyşynda, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň minnetdarlyk we agzybirlik sözlerinden tapawutlylykda, 11-nji aýyna giren urşuň dowam etjekdigini duýdurdy.