Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýatda ekskawatoryň agdarylmagy netijesinde bir adam heläk boldy


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda bir ekskawator sürüjisi heläk boldy. Muňa ýaby arassalaýan köne ekskawatoryň gapdallygyna agdarylmagy sebäp boldy. Bu waka, sebitde suw akabalaryny çuňaldyş we arassalaýyş işlerinde köne tehnikalaryň ulanylýandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

"29-njy dekabr güni Saýadyň Bujak obasynda ýaplary arassalamak we gazmak işlerini amal edýän bir ekskawator sürüjisi aradan çykdy. 40 ýaş töweregindäki sürüjiniň üç çagasy ýetim galdy" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.

Wakanyň bolan pursady sürüji öz hususy eýeçiligindäki ekskawatory bilen kärendeçi daýhanlaryň ekerançylyk meýdanlaryny suwarýan ýaplarda gazuw we arassalaýyş işlerini geçirýärdi.

"Ekskawator ýapdan çykaran gumuny kenara çykaryp, şol gumy öňki susagy bilen itekläp başlanda, köne ekskawator öz agramyny saklap bilmän, ýaba agdaryldy. Sürüji howsala düşüp, ekskawatoryň gapdal gapysyndan özüni ýaba zyňdy. Ýöne ol bu ýerden turup ýetişmänkä, ekskawator onuň üstüne agdaryldy. Ekskawatoryň aşagynda galan sürüji dessine jan berdi" diýip, heläkçilige şaýat bolan ýerli ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.

Her ýylyň gyş paslynda oba ýaplaryny gazmak we arassalamak işleri geçirilýär. Ýöne bu işleri amal etmek üçin oba resmileri kärendeçi daýhanlary ekskawatorlar bilen üpjün etmeýärler. Kärendeçiler öz aralarynda pul ýygnap, hususy eýeçilikdäki ekskawatorlary hakyna tutýarlar.

Ýöne kärendeçileriň ençemesi Belarusda öndürilen bu ekskawatorlaryň aglabasynyň könelişendigini we işe ýaramsyzdygyny belläp, olaryň şuňa meňzeş heläkçiliklere eltýändigini aýdýarlar.

"Oba ýerlerinde şeýle ekskawatorlar, traktorlar köp. Ýöne olara gözegçilik tas ýok diýen ýaly. Häzirki kyn ykdysady şertlerde ekskawator eýeleri tehnika köne bolsa-da, ony ulanyp, gazanç etmäge çalyşýarlar. Ýöne bu käte pajygaly wakalaryň bolmagyna getirýär. Häzir Saýat etrap prokuraturasy soňky heläkçilik boýunça derňewleri geçirýär. Emma munuň geljekde bolaýmagy mümkin heläkçilikleriň öňüni almaga goşant goşjakdygy ýa goşmajakdygy belli däl" diýip, ýerli kärendeçi anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlygyň bu barada etrap häkimliginden we onuň polisiýa bölüminden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady.

Ýöne bu waka sebitde ekerançylyk meýdanlaryny suwarýan emeli kanallary arassalamak işleriniň ‘talabalaýyk’ alnyp barylmaýandygy we olarda köne ekskawatorlaryň ulanylýandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

“...Häzir akabalarda suwlar kesildi, gazuw işlerine badalga berildi. Ýöne gazuw işlerine çekilýän ekskawatorlar suw kanallaryny doly arassalap bilmeýär. Tehnikalar köne, ekskawatorlaryň susaklary kanallaryň orta gürpündäki gumlary aýryp bilmeýär. Sebäbi susaklar ýetmeýär, ekskawatorlar zordan işleýär” diýip, Çärjew etrabynyň bir ýaşaýjysy 28-nji dekabrda gürrüň beripdi.

Kärendeçiler döwletiň özlerini tehnika bilen kadaly üpjün etmeýändigi, olaryň könedigi we ätiýaçlyk şaýlarynyň ýetmezçilik edýändigi barada yzygiderli habar berýärler. Käte hatardan çykan tehnikalar, şol sanda traktorlar we ekskawatorlar pajygaly ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolýar.

Geçen ýylyň maýynda Türkmenabadyň halkara aeroportunda bir ussa traktordaky näsazlygy bejerýän mahaly, onuň tekeriniň ýarylmagy netijesinde agyr ýaralandy.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda kärendeçileriň "bol hasyl almagy üçin ähli şertleriň döredilendigini" tekrarlaýarlar, ýöne bu ýagdaýlar barada hiç zat aýtmaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG