Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ senatory: ABŞ-nyň Ukraina berýän kömegini bes etmek taryhy ýalňyşlyk bolar

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski ABŞ senatorlary  -  Jack Reed (Ç) we Angus King (S) bilen. Kiýew, 6-njy ýanwar,  2023
Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski ABŞ senatorlary - Jack Reed (Ç) we Angus King (S) bilen. Kiýew, 6-njy ýanwar, 2023

Senator Angus King (garaşsyz-Maine) Kiýewde Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen duşuşygyndan soň, 9-njy ýanwarda ABŞ Ukraina Russiýa bilen alyp barýan urşunda berýän goldawyny bes etse, Ýewropada ekstremizmiň ýaýramagyna ýardam bermek töwekgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup biler diýdi.

King özüniň ýurduna ABŞ-nyň Ukraina berýän kömeginiň näderejede möhümdigine has ynamly gaýdyp gelendigini aýtdy. Şeýle-de ol ABŞ-nyň Ukrainany goldamagyny Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin häkimiýetden çetleşdirilýänçä dowam etdirmelidigini nygtady.

Ukraina berilýän goldawyň dowam etdirilmezligi Günbatar ýurtlarynyň 1930-njy ýyllarda Germaniýanyň aşa güýçlenmegine garşy göreşmegiň hötdesinden gelip bilmezligine çalym eder diýip, King sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG