Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa öz-özüni sürgün eden Kreml tankytçysy Babçenkony gözlenýänleriň sanawyna goşdy

Arkadiý Babçenko
Arkadiý Babçenko

Bir wagtlar ABŞ-da öndürilen "Abrams" tankynda Moskwa gaýdyp geljekdigini wada beren rus žurnalisti Arkadiý Babçenko kesgitlenmedik aýyplamalar bilen Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň gözlenýän adamlar baradaky sanawyna goşuldy.

Babçenko 2017-nji ýylda Russiýany terk edip, Ukraina göçmezden ozal bir salym wagt Çehiýada ýaşady. Ol Ukrainada krym-tatar kanalynda işledi.

Babçenko 2019-njy ýylda Ukrainany terk edip, kesgitlenmedik bir ýurda gitdi.

Soňky ýyllarda Babçenko rus häkimiýetleri barada aşa negatiw çykyş edýärdi. 2020-nji ýylda Russiýanyň “Rosfinmonitoring” gullugy Babçenkony terrorçylaryň we ekstremistleriň sanawyna goşdy.

XS
SM
MD
LG