Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Günbatar sungat mekdebi bilen aragatnaşygy ösdürmek daşarda türkmen sungatyna gyzyklanma döreder'


Aşgabadyň Mukamlar köşgünde geçirilen bir konsertden pursat.
Aşgabadyň Mukamlar köşgünde geçirilen bir konsertden pursat.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany sungat söhbetdeşligine gönükdirilýär.

Her ýylyň 16-njy ýanwary Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasynyň (ÝUNESKO-nyň) karary bilen Bütindünýä “Beatles” güni hökmünde bellenip geçilýär.

1960-njy ýylda Angliýanyň Liwerpul şäherinde esaslandyrylan meşhur iňlis rok topary ýarym asyrdan gowrak wagt bäri dünýäde henizem söýlüp diňlenýän toparlaryň hatarynda galýar.

“Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşiri Aşgabadyň Mukamlar köşgünde 14-nji ýanwarda Liwerpulyň “Beatles” toparyna bagyşlanyp, aýdym-saz konsertiniň geçiriljekdigini habar berýär.

Konsertde iňlis rok toparynyň aýdym-sazlary ýaňlanar.

Bulardan başga-da, habarda aýdylmagyna görä, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary 15-nji ýanwarda rus kompozitory, pianisti, we dirižýory Sergeý Prokofýewiň “Petýa we möjek” simfoniki ertekisini, şeýle-de Çaýkowskiniň “Çaga albomyndan” käbir eserleri ýerine ýetirýärler.

Türkmen paýtagtynda soňky aýlarda hususan-da daşary ýurt aýdym-sazlary ýerine ýetirilýän konsert çykyşlary ýygjamlaşýar.

Galyberse-de, döwlet neşiri Gurjak teatrynyň bu ýyl Täze ýyl çykyşynyň ýordumyna täzelik girizendigini habar berýär.

“Çagalar tegelenişip, ýerine ýetirilýän adaty tansyň ýerine ‘Doň ýürek’, ‘Aladdin’, ‘Zoluşka’ we ‘Gar şa zenany’ filmleriniň gahrymanlary bilen oýnadylar” diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” ýazýar.

Şeýle-de, çykyşda Gar adam Olafyň, şa gyzy Žasminiň, jadygöý Jafaryň, Abu atly maýmynjygyň keşpleri ýerine ýetirilipdir. Köp adam bu gahrymanlary Disneýiň multfilmlerinden tanaýar.

Elbetde, şeýle çäreler esasan türkmen paýtagtynda geçirilýär.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany sungat söhbetdeşligine gönükdirilýär. Gepleşigimize Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşýar.

'Günbatar sungat mekdebi bilen aragatnaşygy ösdürmek daşarda türkmen sungatyna gyzyklanma döreder'
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG