Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat özünde MA Howa tehnologiýasy merkeziniň döredilmegini isleýär


Derweze. Açyk ýatan gaz ýatagy
Derweze. Açyk ýatan gaz ýatagy

Aşgabat Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegini teklip edýär.

Türkmen DIM-i bu başlangyjyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň 16-njy ýanwarda BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen geçiren wideo duşuşygynda yglan edilendigini aýdýar.

Türkmen paýtagtynda döredilmegi teklip edilýän merkeziň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynda howa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ulanmak, şeýle-de howanyň üýtgemegi babatynda sebitiň tehnologiki ösüşine goldaw bermek bolmaly.

Taraplar daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, ekologiýa we tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, habarda bellenilýär.

Şeýle-de habarda türkmen resmisiniň UNEP ýolbaşçysyna Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi babatynda alyp barýan işleri barada maglumat berendigi aýdylýar, emma ýurtdaky ekologiýa meseleleri, hususan-da nebit-gaz önümçiligindäki problemalar, howa goýberilýän zyýanly galyndylaryň mukdaryny azaltmak boýunça görülýän çäreler barada hiç zat aýdylmady.

XS
SM
MD
LG