Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NASA abzaly Türkmenistanda ýokary derejede metan gazyny syzdyrýan 12 ýeriň üstüni açdy


NASA-nyň suraty Türkmenistanda ýokary derejede metan gazyny syzdyrýan 12 ýeriň üstüni açdy.
NASA-nyň suraty Türkmenistanda ýokary derejede metan gazyny syzdyrýan 12 ýeriň üstüni açdy.

NASA-nyň kosmosdan düşüren täze suratlary Türkmenistanyň nebit-gaz infrastrukturasyndaky ondan gowrak ýerde ýokary derejede metan gazynyň syzýandygynyň üstüni açdy. Bu barada "Reuters" neşiri 26-njy oktýabrda habar berdi.

NASA-nyň, ABŞ-nyň komos agentliginiň 25-nji oktýabrda ýaýradan maglumatyna görä, şekillendiriş spektrometri diýlip atlandyrylýan orbital gural şu ýylyň iýul aýynda Halkara kosmos stansiýasynda ýerleşdirileni bäri Merkezi Aziýada, Ýakyn Gündogarda we Günorta-Günbatar Amerikada 'ýokary derejede metan gazyny syzdyrýan' 50-den gowrak ýeri kesgitledi.

NASA-nyň Reaktiw hereketlendiriji laboratoriýasy (JPL) tarapyndan görkezilen we täze surata düşürilen ýokary derejede metan gazyny syzdyrýan nokatlaryň arasynda Türkmenistanyň Hazaryň gündogarynda ýerleşýän nebit-gaz infrastrukturasyndaky 12 ýer bar. Habarda bu ýerlerden asmana göterilýän tüssäniň şleýfiniň 32 kilometre çenli uzaýandygy aýdylýar.

"Alymlar Türkmenistanyň tüssesiniň şleýfiniň her sagatda 50 müň 400 kilogram metany howa goýberýändigini çaklaýarlar. Bu görkeziji ABŞ-nyň Los Anjelos sebitiniň golaýyndaky "Aliso Kanýon" gaz ýatagyndan 2015-nji ýylda syzyp çykan metan gazyň mukdaryna deň bolup biler" diýlip, habarda "Aliso Kanýon" gaz ýatagyndan şol ýyl syzyp çykan metan zyňyndylaryň ABŞ-nyň taryhyndaky iň uly tötänleýin metan syzmalaryň biri hasaplanýandygy hem bellenýär.

Reaktiw hereketlendiriji laboratoriýanyň metan gözleglerine ýolbaşçylyk edýän derňewçisi Andrew Thorpe täze "üsti açylan käbir metan şleýfleriniň häzire çenli görlen iň uly şleýfleriň arasyndadygyny, olaryň kosmosda häzirki pursada çenli görnen hiç bir zada meňzemeýändigini" aýtdy.

"Ýokary derejede metan gazyny syzdyrýan nokatlaryň ýene iki sanysy Nýu-Meksikodaky nebit ýatagynda we Eýrandaky galyndylary gaýtadan işleýän toplumda ýerleşýär. Bular her sagatda 29 müň kilograma golaý metany howa goýberýär" diýlip, habarda bellenýär.

Elektrik stansiýalarynda ulanylýan tebigy gazyň esasy düzüm bölegi bolan metan, adam tarapyndan döredilen parnik zyňyndylarynyň bir bölegini düzýär, ýöne ol atmosfera akdyrylanda onuň ýylylyk täsiri kömürturşy gazyndan 80 esse ýokarydyr.

Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden, "Türkmennebit" we "Türkmengaz" kompaniýalaryndan kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 26-njy oktýabrda ýerli wagt bilen ikindine çenli telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi.

NASA-nyň Türkmenistandaky metan syzmalary baradaky täze suratlary prezident Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň (COP26) 26-njy mejlisinde ýurduň metan zyňyndylaryny azaltmaga aýratyn üns berýändigini ynandyrmaga çalyşmagyndan bir ýyl çemesi soňa gabat geldi.

Şol döwür wise-premýer wezipesini ýerine ýetiren Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň noýabrynda Glazgoda geçirilen mejlisde "Türkmenistanyň milli derejedäki Kesgitli Goýumy (NDC) 2030-njy ýyla çenli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda bug gazlarynyň zyňylmalarynyň azaldylmagy boýunça” nazarda tutýan “ýokary ähmiýetli maksatlarynyň tassyklamasy bolup durýar” diýdi.

Ol “bug gazlarynyň zyňylmalarynyň göwrüminiň, türkmen ykdysadyýetiniň ähli ulgamlaryna döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna, görnetin ýagdaýda peselýändigini" hem belläpdi.

Şeýle-de, şu ýylyň başynda Türkmenistan Derweze sebitinde onlarça ýyl bäri ýanyp duran we ýurduň esasy syýahat nokatlarynyň biri bolan açyk gaz ýatagyny ýapmagy meýilleşdirýändigini hem mälim etdi.

Ýurduň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji ýanwarda geçiren hökümet mejlisinde “köp möçberde ýitirilýän tebigy gaz” barada gürrüň edip, bu ýagdaýyň ekologiýa, uzak ýyllar bäri ýanyp duran gaz ojagynyň golaýynda ýaşaýan adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýändigini aýtdy.

Bu çykyşlara garamazdan, ykdysady girdejileri esasan nebit-gaz söwdasyna daýanýan we öz çägindäki gaz gorlarynyň mukdary boýunça dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan howa goýberilýän zyýanly gazlara barha kän jogapkär bolmakda tankytlanýar.

Azatlygyň mundan ozal “Bloomberg” neşirine salgylanyp habar berşi ýaly, Türkmenistan planetany gyzdyrýan metan gazyny syzdyrmagyň möçberi boýunça dünýäde iň ýokary derejeleriň birini eýeleýär we bu barada uly alada bildirilýär.

“Bloomberg” neşiriniň şu ýylyň başynda çap eden maglumatynda günbatar Türkmenistanda 29 sany nebit we gaz enjamy bejerilse, onda munuň howa goýberilýän zyýanly galyndylaryň düýpli azalmagyna getirjekdigi aýdyldy.

Tebigaty goramak üçin iňňän uly iş bitirilýändigini tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri ýurduň käbir nebit we gaz desgalarynyň dünýäde howanyň özgermegine täsir ýetirýändigi baradaky maglumatlar barada aç-açan çykyş etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG