Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mişustin: Türkmen telekeçileri Russiýadan çykarylan kompaniýalaryň ornuny eýeläp biler


Mihail Mişustin. Arhiw suraty
Mihail Mişustin. Arhiw suraty

Russiýanyň hökümeti Türkmenistan bilen aradaky söwdany ösdürmek üçin gümrük we fitosanitar gözegçiligini ýönekeýleşdirmegi ara alyp maslahatlaşmaga taýýar diýip, premýer-ministr Mihail Mişustin Aşgabatda geçirilen türkmen-rus işewürler forumynda aýtdy.

"Türkmen kärdeşlerimiz bilen bilelikde gümrük, weterinariýa we fitosanitar gözegçilik proseduralaryny ýönekeýleşdirmek, işewür toparlarynyň wekilleri üçin wiza düzgünini ýeňilleşdirmek mümkinçiligine garamaga taýýar” diýip, rus metbugaty Mişustiniň Rus-türkmen işewürler forumynda, Aşgabatda aýdan sözlerini sitirledi.

Onuň pikiriçe, eger-de Aşgabat Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi bilen integrasiýa proseslerine goşulsa, bu ykdysadyýet üçin peýdaly bolar we köp taslamanyň durmuşa geçirilmegine mümkinçilik döreder.

"ÝwrAzYb”, global ykdysady krizislerden tä koronawirus pandemiýasyna çenli, iň kyn şertlerde hem özüni durnuklylygyny we netijeliligini subut etdi" diýip, syýasatçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de, "Türkmenportal” neşiriniň rus hökümetiniň metbugat gullugyna salgylanyp ýazmagyna görä, Mişustin türkmen telekeçileriniň, ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümleri bilen, Russiýanyň bazaryndan çykarylan daşary ýurt kompaniýalarynyň ýerlerini eýeläp biljekdigini belledi.

Diňe harytlaryň akymyny köpeltmek bilen çäklenmän, bilelikdäki kärhanalary döretmek, häzirki zaman senagat, energetika we ulag desgalaryny gurmak barada hem iş alyp barmaga ýeterlik mümkinçilik bar diýip, rus premýeri aýtdy.

XS
SM
MD
LG