Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Milli Geňeşi ýatyryldy, Halk Maslahaty gaýtadan esaslandyryldy


Öňki Halk Maslahatynyň adatdan daşary duşuşgy. 11-nji fewral, 2022 ý. Aşgabat, Türkmenistan. Döwlet telewideniýesiniň arhiw suraty.
Öňki Halk Maslahatynyň adatdan daşary duşuşgy. 11-nji fewral, 2022 ý. Aşgabat, Türkmenistan. Döwlet telewideniýesiniň arhiw suraty.

Türkmenistanda iki ýyl ozal esaslandyrylan iki palataly parlament (Milli Geňeş) ýeke palataly ulgama öwrüldi, giň ygtyýarlyklary bolan Halk Maslahaty gaýtadan döredildi we Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “türkmen halkynyň milli lideri yglan edildi”. Bu barada TDH habar berýär.

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň öňki parlamentiniň ýokarky we aşaky palatalary bilelikde mejlis geçirip, onuň dowamynda “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” we “Türkmen halkynyň milli lideri hakynda” üç konstitusion kanuny makullady.

Täze üýtgetmeler bilen, Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde gaýtadan esaslandyrylýar.

Täze Halk Maslahatyna Türkmenistanyň Konstitusiýasyny makullamak, oňa üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, ýurduň içeri we daşary syýasatyny kesgitlemek ýaly giň ygtyýarlyklar berilýär.

Täze üýtgetmelere laýyklykda Halk Maslahatynyň başlygyny prezident wezipä belleýär.

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow permana gol çekip, kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň täze Halk Maslahatynyň başlygy wezipesine belledi.

Täze wekilçilikli edaranyň düzümine Halk Maslahatynyň başlygy, Türkmenistanyň prezidenti, Mejlisiň başlygy, Ýokary kazyýetiň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Mejlisiň deputatlary, Ministrler Kabinetiniň agzalary, Adalatçy, Baş prokuror, adalat ministri, welaýat, etrap we şäher häkimleri we beýlekiler girizilýär.

Biraz öň, 11-nji ýanwarda öňki Milli Geňeşiň agzalary bilelikde mejlis geçirip, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, Halk Maslahatyny döretmek barada karar kabul etdiler.

Konstitusion üýtgetmeler 10 günüň içinde gyssagly kabul edilýär.

Türkmenistanyň garaşsyzlyk taryhynda Halk Maslahatlary ozal birnäçe gezek ýatyrylyp, täze görnüşde gaýtadan dikeldildi. Ozal döredilen Halk Maslahatlary öz döwründe Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowy ömürlik prezident yglan etmek, Türkmenistanda ilatyň mugt elektrik energiýasy, gaz we suw bilen üpjün edilmegini ýatyrmak, 2002-nji ýylyň noýabr aýynda Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän wakada aýyplanýanlara günä bildirmek ýaly başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG