Çuý sebitiniň Moskwa etrap kazyýeti, taraplary ýaraşdyrmak baradaky şertnama esasynda, gozgalan jenaýat işini bes etdi we Bolot Nazarowy tussaglykdan boşatdy.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň habarçysynyň sözlerine görä, diňlenişigiň başynda kazyýet Nazarowyň gorag haýyşnamasyny kabul etdi we şertnamany kazyýet işine goşdy.
Mundan öňki geçirilen diňlenişiklerde ejir çekenler Bolot Nazarowa garşy hiç hili şikaýatlarynyň ýokdugyny birnäçe gezek aýtdylar. Emma muňa garamazdan, ol 2022-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri, üç aý töweregi tussaglykda saklanýardy.
24-nji ýanwarda geçirilen kazyýet diňlenişigine 15 ýaşly ejir çeken hem gatnaşdy we jenaýatda aýyplanýan bagşa garşy hiç hili şikaýatynyň ýokdugyny aýtdy.
Döwlet prokuraturasy Nazarowyň 10 ýyl azatlykdan mahrum edilmegini sorýardy.
Hukuk goraýjy edaralaryň maglumatyna görä, Belowodskoýe obasynyň ýaşaýjysy 7-nji noýabrda polisiýa ýüz tutup, Nazarowyň Çon-Aryk obasynda bir ýaş oglanyň atynyň ýanynda surata düşmegi haýyş edendigini we soňra oňa garşy fiziki güýç ulanyp, aty näbelli tarapa alyp gaçandygyny aýdýar. Bolot Nazarow şondan soň tussag edilip, deslapky tussaghana ýerleşdirilýär.