Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň baş serkerdesi Waleriý Zalužniý, ukrain asylly ABŞ raýaty Gregori Stepanetsiň emläginden alan 1 million dollar mirasyny Ukrainanyň Ýaragly güýçlerine peşgeş berdi diýip, “Ukrainska prawda” 25-nji ýanwarda, bu habar "New York Times" gazetinde çykanyndan bir gün soň habar berdi.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň resmileri Zalužniniň bu serişdäni şu aýyň başynda ýaragly güýçlere peşgeş berendigini tassyk etdiler diýip, "Ukrainska prawdanyň” habarynda bellenýär.
Zalužniý Stepanets bu puluň goşuna goldaw bermek üçin ulanylmagyny isländir diýip düşnendigini aýtdy.
Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýynda öz duldegşir goňşusyna goşun süreninden bäri, Ukrainadaky we beýleki ýurtlardaky adamlar tarapyndan bagyş edilen serişdeler ýurda dökülmegini dowam etdirýär.