Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeh telewideniýesi türkmen ýazyjysy we onuň maşgalasy barada dokumental film efire berdi


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysynyň çeh telewideniýesine çykmagy we ýazyjyny Türkmenistandan hemişelik göçürip, Çehiýa getiren şertler baradaky söhbetdeşlige gönükdirilýär.

Çehiýanyň Döwlet telewideniýesinde efire berilýän “Babylon” (Wawilýon) gepleşigi Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally we onuň maşgalasy barada dokumental film efire berdi.

Çeh telewideniýesiniň “Wawilýon” gepleşigi ýurdundan jyda düşen adamlaryň ykbaly barada dokumental filmleri efire berýär. Gepleşigiň noýabryň ahyrlarynda efire giden sanlarynyň biri türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally we onuň maşgalasy barada gürrüň berýär.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysynyň çeh telewideniýesine çykmagy we ýazyjyny Türkmenistandan hemişelik göçürip, Çehiýa getiren şertler baradaky söhbetdeşlige gönükdirilýär.

Bu ýagdaý Dünýä Türkmenleri programmamyz üçin esasan üç jähtden wajyp bolup durýar: birinjiden, Hudaýberdi aga biziň gepleşigimize yzygiderli interwýu berýär, öz pikir-garaýyşlaryny beýan edýär, wagtal-wagtal Türkmenistanda bolup geçýän wakalara syn berýär. Ikinjiden, dünýäniň islendik künjeginde ýaşaýan türkmeniň üstünligi, islendik ildeşimiziň daşary ýurt media serişdelerinde Türkmenistan barada berýän obýektiw synlary we interwýulary biziň gepleşigimiziň gyzyklanma bildirýän ugurlaryna girýär. Üçünjiden, gepleşigiň adyndan hem belli bolşy ýaly, Dünýä Türkmenleri dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan türkmenleriň meselelerine üns gönükdirmäge çalyşýar.

Çeh telewideniýesi türkmen ýazyjysy we onuň maşgalasy barada dokumental film efire berdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG