Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gyrgyzystana sapar edýär

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewi gyrgyz prezidenti Sadyr Žaparow Manas howa menzilinde garşy aldy.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewi gyrgyz prezidenti Sadyr Žaparow Manas howa menzilinde garşy aldy.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 26-njy ýanwarda Gyrgyzystana döwlet saparyna geldi diýip, gyrgyz mediasy habar berdi.

Özbek liderini gyrgyz prezidenti Sadyr Žaparow Manas howa menzilinde garşy aldy.

Iki prezidentiň Bişkekdäki gepleşiklerinde 20-den gowrak ikitaraplaýyn resminama gol çekildi.

27-nji ýanwarda, Mirziýoýewiň Gyrgyzystana eden iki günlük saparynyň soňky gününde gol çekilen resminamalaryň arasynda Gyrgyz-Özbek serhediniň birnäçe dawaly bölegini alyşmak barada noýabr aýynda baglaşylan şertnamalary tassyklamak baradaky kararlary alyşmak baradaky ylalaşyk hem bar.

20-den gowrak gyrgyz syýasatçysy we aktiwisti, iki ýurduň arasynd baglaşylan serhet şertnamasyna nägilelik bildirenlerinden soň, oktýabr aýynda tussag edildi.

Bu Şawkat Mirziýoýewiň Gyrgyzystana ikinji saparydyr. Ol bu ýurda ilkinji döwlet saparyny 2017-nji ýylda etdi.

XS
SM
MD
LG