Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bitaraplyk baýramy mynasybetli günäsi geçilen ýene iki tussagyň şahsyýeti mälim boldy


Türkmenbaşyda bir türme. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy
Türkmenbaşyda bir türme. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy

Bitaraplyk baýramy mynasybetli yglan edilen günä geçişligiň çäklerinde, 2022-nji ýylyň ýaz aýlarynda dört ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edilen Mary welaýatynyň ýaşaýjysy Dmitriý Medwedew hem-de takmynan 2021-nji ýylyň fewralynda iki ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edilen Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy Sereža Babaniýazow türmeden boşadyldy. Bu barada turkmen.news neşiri Daşary işler ministrligindäki ýagdaýdan habarly çeşmesine salgylanyp habar berýär.

Garaşsyz neşir Medwedewiň we Babaniýazowyň häkimiýetleriň ýanamalaryndan soň, syýasy matlaplar bilen tussag edilendiklerini habar berýär.

Häkimiýetler Medwedewi üç ýyl ozal Mary we Lebap welaýatlarynda bolan harasatyň yz ýany, onuň ejir çekenlere beren material goldawy bilen baglylykda, Babaniýazowy bolsa, iki ýyl töweregi ozal ýurt içinde hökümete garşy peýda bolan listowkalar bilen baglylykda, toslama aýyplamalar bilen azatlykdan mahrum edipdirler.

Garaşsyz neşire görä, Medwedew häkimiýetler tarapyndan “kezzaplykda”, Babaniýazow bolsa “pornografiýa maglumatlaryny” ýaýratmakda aýyplanypdyr.

Ýatlasak, 2020-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde adam ýitgilerine getiren heläkçilikli harasat boldy. Türkmenistanyň hökümeti harasatyň pidalaryna gynanç bildirmedi we tebigy heläkçilikden ejir çekenlere niýetlenip, raýat başlangyçlary bilen guramalaşdyrylan ýardam kampaniýalaryny basyp ýatyrdy. Şeýle-de, türkmen häkimiýetleri global koronawirus pandemiýasynyň arasynda bolup geçen tebigy betbagtçylygyň yz ýany, ýurduň içinde we daşynda türkmen hökümetine garşy güýçlenen garşylyk hereketine gatnaşanlary we olaryň dogan-garyndaşlaryny ýanamalara sezewar etdi.

Biraz ozal, häkimiýetleriň ýanamalaryndan soň, syýasy matlaplar bilen tussag edilen başga-da iki tussagyň, lukman Hursanaý Istmatullaýewanyň hem-de ýurist Pygambergeldi Allaberdiýewiň dekabr aýynda azatlyga goýberilendikleri mälim boldy.

Häkimiýetlerden öz hünär hukuklaryny talap edenden soň, ýanamalara sezewar bolan lukman Ismatullaýewanyň işi 2021-nji ýylyň iýulynda adam hukuklaryny goraýjylar tarapyndan Ýewropa Parlamentiniň onlaýn duşuşygynda gozgalmagynyň yz ýany, lukman “kezzaplyk” aýyplamalary esasynda türkmen kazyýeti tarapyndan dokuz ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edildi. Ismatullaýewanyň dekabrda Bitaraplyk baýramy mynasybetli yglan edilen günä geçişlikde azatlyga çykandygy mälim boldy.

“Nebitdagnebit” kärhanasynyň ýuristi Pygambergeldi Allaberdiýew 2020-nji ýylyň sentýabrynda daşary ýurtlardaky protest hereketlerine goşulmakda güman edilenden soň, türkmen howpsuzlyk gulluklary tarapyndan tussag edildi we munuň yz ýany, “bozgakçylyk” aýyplamalary esasynda alty ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň esassyz tussaglyklar boýunça iş topary Allaberdýewiň tussag edilmegini esassyz we halkara hukugyna ters diýip ykrar etdi.

2022-nji ýylyň dekabrynda Pygamberdi Allaberdiýewiň türmeden boşadylandygy mälim boldy.

Bu aralykda, beýleki aktiwistler we raýat žurnalistleri, şol sanda Nurgeldi Halykow we Mansur Mengelow türkmen türmelerinde galýarlar.

Türkmenistanda soňky sapar Bitaraplyk baýramy mynasybetli 9-njy dekabrda 308 bendiniň günäsi geçildi.

Biraz öň, aprel aýynda Gadyr gijesi mynasybetli 514 tussagyň, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 833 tussagyň günäsi geçildi.

Türkmenistan türme ilatynyň sany boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Synçylar türkmen häkimiýetleriniň raýatlary türme howpy bilen gorkuda saklaýandyklaryny aýdýarlar.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar türkmen hökümetini adam hukuklaryny yzygiderli depelemekde we özge pikirli adamlary yzarlamakda tankyt edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG