Ukrain polisiýasy Rus goşunynyň atan, Ukrainanyň howa hüjümlerinden goranyş ulgamlarynyň 26-njy ýanwarda Kiýewde urup ýykan ganatly raketasyny barlaýar.
Rus güýçleri Donetsk we Luhansk gündogar sebitlerinde köp ugurly hüjümleri dowam etdirýärler diýip, Ukrainanyň goşuny 27-nji ýanwarda irden aýtdy. Prezident Wolodymyr Zelenski Kiýewe ösen tanklary wada berýän ýurtlaryň sanynyň barha köpelýändigine minnetdarlyk bildirdi, şol bir wagtda hüjüm tehnikalarynyň çaltrak iberilmegine çagyrdy.
Moskwanyň Ukraina boýunça amala aşyran, we Kiýewiň howa hüjümlerinden goranyş ulgamlarynyň raketalaryň aglabasyny urup ýykandygyna garamazdan, 11 adamyň ölümine, energiýa infrastrukturalarynyň zyýan çekmegine getiren nobatdaky raketa zarbalary tolkunyndan bir gün soň, ukrain güýçleri soňky 24 sagadyň dowamynda iki gündogar sebitde 11 ýerde hüjümleri yza serpikdirdi.
“Goranyş güýçleri soňky bir günüň dowamynda Luhanskdaky Ploşanka, Newske we Çerwonpopiwka, Doneskdäki Werhnýokamýanske, Paraskowiýiwka, Bahmut, Klişiýewka, Wodýane, Newelske, Maryinka we Wuhledar sebitlerinde basyp alyjylaryň hüjümlerini yza serpikdirdi” diýip, Ukrainanyň goşunynyň Baş ştaby özüniň gündelik hasabatynda aýtdy. AÝ/AR bu maglumaty garaşsyz tassykladyp bilmeýär.
"Abrams" tankynyň taryhy
1/10"M1A1 Abrams" tanklary 2021-nji ýylyň 26-njy martynda Latwiýanyň Adazi şäherinde geçirilen NATO harby-tälim türgenleşigine gatnaşýar.
Moskwa Ukrainany tanklar bilen üpjün etmegiň "aç-açan prowokasiýa" boljakdygyny aýtdy.
Baýden administrasiýasy "31 M1 Abrams" söweş tanklaryny Ukraina iberjekdigini yglsn etdi. Kiýewiň häkimiýetleri muny oňyn garşy alyp, munuň 11 aý bäri dowam edýän söweşiň ugruny üýtgetmeginiň mümkindigini aýtdylar. Azatlyk Radiosy "Abrams" tanklarynyň taryhyna we aýratynlyklaryna gysgaça göz aýlady.
2/10"M-1A1 Abrams" esasy söweş tanklarynyň iki sanysy 1991-nji ýylyň 24-nji fewralynda "Çöl tupany" operasiýasynyň birinji tapgyrynda çölüň üstünden geçýär. "M1 Abrams" 1980-nji ýylda ulanyşa berlen bolsa-da, onuň ilkinji söweş tejribesi "Çöl tupanynda" bolupdy.
Baýden administrasiýasy "31 M1 Abrams" söweş tanklaryny Ukraina iberjekdigini yglsn etdi. Kiýewiň häkimiýetleri muny oňyn garşy alyp, munuň 11 aý bäri dowam edýän söweşiň ugruny üýtgetmeginiň mümkindigini aýtdylar. Azatlyk Radiosy "Abrams" tanklarynyň taryhyna we aýratynlyklaryna gysgaça göz aýlady.
3/101999-njy ýylyň 12-nji maýynda "Rinas" howa bazasynyň daşynda, Kosowa konflikti wagtynda NATO-nyň alyp baran operasiýalarynyň bir bölegi bolan "M1 Abrams" tankynyň öňünde albaniýaly bir aýal ýüň egirýär.
"M1 Abrams" 62 tonna golaý agramy bilen ulanyşdaky iň agyr tanklaryň biridir. Onuň dört adamdan ybarat bolan ekipažy (serkerde, ýaragçy, ýük göteriji we sürüji) bar.
Baýden administrasiýasy "31 M1 Abrams" söweş tanklaryny Ukraina iberjekdigini yglsn etdi. Kiýewiň häkimiýetleri muny oňyn garşy alyp, munuň 11 aý bäri dowam edýän söweşiň ugruny üýtgetmeginiň mümkindigini aýtdylar. Azatlyk Radiosy "Abrams" tanklarynyň taryhyna we aýratynlyklaryna gysgaça göz aýlady.
4/102003-nji ýylyň 16-njy fewralynda Kuweýtde Birleşen Ştatlaryň Deňiz Korpusynyň Grizzly lagerinde ABŞ Deňiz Korpusynyň ätiýaçdaky işgärleri "M1A1 Abrams" tankynda özleriniň "Jolly Rogerini" galgadýarlar.
"Abrams" tanklary dürli täzelenmek proseslerini başdan geçirdiler we netijede olaryň M1, M1A1 we M1A2 görnüşleri emele geldi. Olaryň her birinde ýarag, gorag we elektronika ulgamlary kämilleşdi.
Baýden administrasiýasy "31 M1 Abrams" söweş tanklaryny Ukraina iberjekdigini yglsn etdi. Kiýewiň häkimiýetleri muny oňyn garşy alyp, munuň 11 aý bäri dowam edýän söweşiň ugruny üýtgetmeginiň mümkindigini aýtdylar. Azatlyk Radiosy "Abrams" tanklarynyň taryhyna we aýratynlyklaryna gysgaça göz aýlady.
5/10ABŞ-nyň Deňiz Korpusynyň "M1A1 Abrams" tanklary 2004-nji ýylyň 24-nji iýunynda Yragyň Falluja şäherinde ýerleşýän esasy ulag gözegçilik nokadynyň golaýyndaky ok atyşyk wagtynda goranyş pozisiýasyny eýeleýärler.
"Abrams" tanklaryň eksportlyk görnüşini Awstraliýanyň, Müsüriň, Yragyň, Kuweýtiň, Polşanyň we Saud Arabystanynyň goşunlary ulanýarlar.
Baýden administrasiýasy "31 M1 Abrams" söweş tanklaryny Ukraina iberjekdigini yglsn etdi. Kiýewiň häkimiýetleri muny oňyn garşy alyp, munuň 11 aý bäri dowam edýän söweşiň ugruny üýtgetmeginiň mümkindigini aýtdylar. Azatlyk Radiosy "Abrams" tanklarynyň taryhyna we aýratynlyklaryna gysgaça göz aýlady.
6/10ABŞ Deňiz Korpusynyň "M1A1 Abrams" tanky 2004-nji ýylyň 1-nji iýulynda Fallujadaky harby gözegçilik nokadynyň golaýyndaky ýoldan tizlik bilen geçýär.
ABŞ goşunynda dürli görnüşdäki "Abrams" tanklarynyň 2 müň 509 sanysynyň bardygyna we başga-da 3 müň 700 sanysynyň ammarda saklanylýandygyna ynanylýar.
Baýden administrasiýasy "31 M1 Abrams" söweş tanklaryny Ukraina iberjekdigini yglsn etdi. Kiýewiň häkimiýetleri muny oňyn garşy alyp, munuň 11 aý bäri dowam edýän söweşiň ugruny üýtgetmeginiň mümkindigini aýtdylar. Azatlyk Radiosy "Abrams" tanklarynyň taryhyna we aýratynlyklaryna gysgaça göz aýlady.
7/102011-nji ýylyň 2-nji fewralynda Owganystanyň Helmand welaýatynda ýerleşýän "FOB Edinburg" bazasynda ABŞ-nyň deňiz güýçleriniň işgäri "M1 Abrams" tankyna ýangyç guýýar.
Häzirki "M1A2 Abrams" tanklary asfaltlanan ýollarda sagatda 72 km tizlige we asfaltlanmadyk ýollarda sagatda 48 km tizlige çenli ýetip bilýär. Onuň hereketlendirijisi uçar ýangyjyny, benzini, dizel we deňiz dizeli ýaly dürli ýangyjy ulanyp bilýär.
Baýden administrasiýasy "31 M1 Abrams" söweş tanklaryny Ukraina iberjekdigini yglsn etdi. Kiýewiň häkimiýetleri muny oňyn garşy alyp, munuň 11 aý bäri dowam edýän söweşiň ugruny üýtgetmeginiň mümkindigini aýtdylar. Azatlyk Radiosy "Abrams" tanklarynyň taryhyna we aýratynlyklaryna gysgaça göz aýlady.
8/102017-nji ýylyň 25-nji fewralynda yrak güýçleriniň "M1 Abrams" tanky Yragyň Mosul şäherine tarap ilerleýär. Şonda yrak güýçleri sebitiň gözegçiligini "Yslam döwleti" (YD) toparyndan yzyna almaga çalyşýardy.
Baýden administrasiýasy "31 M1 Abrams" söweş tanklaryny Ukraina iberjekdigini yglsn etdi. Kiýewiň häkimiýetleri muny oňyn garşy alyp, munuň 11 aý bäri dowam edýän söweşiň ugruny üýtgetmeginiň mümkindigini aýtdylar. Azatlyk Radiosy "Abrams" tanklarynyň taryhyna we aýratynlyklaryna gysgaça göz aýlady.
9/102018-nji ýylyň 29-njy martynda ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Fort Stýuart şäherinde geçirilen türgenleşikler wagtynda "M1A1 Abrams" tanky ot açýar.
Tank serkerdesi "Browning .50 cal. (12.7mm) M2HB" agyr ýaragly zenit ýaragy we iki sany "7.62mm M240" pulemýot bilen birlikde, "120 mm Rheinmetall M256A1" ýylmanak nilli esasy ýaragy dolandyrýar.
Baýden administrasiýasy "31 M1 Abrams" söweş tanklaryny Ukraina iberjekdigini yglsn etdi. Kiýewiň häkimiýetleri muny oňyn garşy alyp, munuň 11 aý bäri dowam edýän söweşiň ugruny üýtgetmeginiň mümkindigini aýtdylar. Azatlyk Radiosy "Abrams" tanklarynyň taryhyna we aýratynlyklaryna gysgaça göz aýlady.
10/102020-nji ýylyň 21-nji fewralynda Germaniýanyň Bremerhawen şäherinde harby işgärler "M1 Abrams" tanklaryny düşürýärler.
ABŞ-nyň Ýewropadaky gury ýer güýçleriniň öňki serkerdesi Mark Hertling, Germaniýada öndürilen "Leopard 2" tanklarynyň mart aýynda Ukrainanyň söweş meýdanyna baryp biljekdigini, has köp logistika goldawyna mätäç ABŞ tanklarynyň bolsa Ukraina barmagynyň sekiz aýdan gowrak wagta çekip biljekdigini çaklady.
Baýden administrasiýasy "31 M1 Abrams" söweş tanklaryny Ukraina iberjekdigini yglsn etdi. Kiýewiň häkimiýetleri muny oňyn garşy alyp, munuň 11 aý bäri dowam edýän söweşiň ugruny üýtgetmeginiň mümkindigini aýtdylar. Azatlyk Radiosy "Abrams" tanklarynyň taryhyna we aýratynlyklaryna gysgaça göz aýlady.
Previous slide
Next slide
Gündogarda barýan gazaply uruşlar Ukrainanyň goşunynyň 26-njy ýanwarda ruslaryň atan 59 raketasynyň, olaryň käbiri Rus Arktikasyndaky Tu-95 strategiki bomba atyjy tehnikalardan atyldy, 47 sanysyny urup ýykandygyny aýtmagynyň yz ýany bolup geçýär.
Şeýle-de, Moskwa 37 sany howa zarbasyny hem amala aşyrdy, olaryň 17 sanysynda Eýranda ýasalan “Şahed 135” dronlaryndan peýdalanyldy. Dronlaryň ählisi urlup ýok edildi diýip, Ukrain goşuny aýtdy.
Zelenski 26-njy ýanwarda eden gijeki wideo ýüzlenmesinde Russiýanyň 11 aý bäri dowam etdirýän rus çozuşyna garşy Ukrainanyň goragyna ýardam bermek üçin, ösen Günbatar tanklary bilen üpjün etjek “tank ýaranlygymyzda eýýäm 12 ýurt bar” diýdi.
Ol “biziň bilen bilelikde terrora garşy çyny bilen söweşýän hemmelere” minnetdarlyk bildirdi we gorag tehnikalaryny öz ýurduna eltmek işleriniň “çaltlandyrylmagyny” ýene bir gezek nygtady.
Media maglumatlaryna görä, Germaniýa we ýaranlary ilkibaşda 100 sany Germaniýada öndürilen “Leopard 2” tanklaryny wada berýär, bulardan başga-da, Birleşen Ştatlar 31 sany “M1 Abrams” tanklary bilen, Britaniýa 14 sany “Challenger 2” tanklary bilen goşant goşýar.
Kanada Ukraina tank bermek niýetini yglan eden nobatdaky ýurt boldy. Germaniýa şu hepde beýleki ýurtlardaky Germaniýada öndürilen tanklaryň gaýtadan eksport edilmegine rugsat berenden soň, Ottawa dört sany “Leopard 2” söweş tanklaryny Ukraina iberer diýip, Kanadanyň goranmak ministri aýtdy.
Mundan ozal, Polşa, Gollandiýa we Ispaniýa özlerindäki “Leopard 2” tanklarynyň käbirlerini Ukraina ibermäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Olar bu tanklary diňe Germaniýanyň rugsady bilen iberip bilýärler.
Ukrain ekipažynyň türgenleşik işleri we tanklaryň Ukraina eltilip gowşurylmagy, jemgyýetçilik beýanatlaryna görä, ir bolanda azyndan iki aý töweregi wagt alar.
“Roýtersiň” sitirleýän diplomatik çeşmelerine görä, Fransiýa we Italiýa Ukrainany SAMP/T howa hüjümlerinden goranyş ulgamlary bilen üpjün etmekde tehniki detallary tamamlap barýar.
Germaniýanyň we ABŞ-nyň tank üpjünçiligi bilen bagly beýanatlaryndan birnäçe sagat soň, Zelenski özüniň NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen gepleşip,Ukrainanyň Günbataryň uzak aralyk raketalary we uçarlary bilen üpjün edilmegini talap edendigini aýtdy. Günbatar hökümetleri şu wagta çenli bu çyzykdan aşmagy ret edip gelýär.
dpa habarlar agentliginde sitirlenýän Polşanyň premýer-ministri Mateusz Morawieçkiniň fransuz kanalyna aýtmagyna görä, eger NATO ýaranlary şeýle karara gelse, Polşa Ukraina söweş uçarlaryny iberip biler.
Kreml Günbataryň Ukraina bildirýän soňky raýdaşlygyna gazap bilen reaksiýa bildirýär, we ösen tanklaryň Ukraina iberilmegini Birleşen Ştatlaryň we NATO-nyň Russiýanyň urşuna “göni gatnaşygynyň” subutnamasy hökmünde görýändigini aýdýar. ABŞ we NATO muny ret edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum