Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanly gyzlar Merkezi Aziýanyň ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýär. "Talyban" olara öz ýurtlarynda okamagy gadagan etdi


Owganystanly gyzlar Ýewropa Bileleşigi hem-de BMG-niň Ösüş gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän başlangyç esasynda, Merkezi Aziýanyň uniwersitetlerinde ýokary bilim alyp bilerler.
Owganystanly gyzlar Ýewropa Bileleşigi hem-de BMG-niň Ösüş gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän başlangyç esasynda, Merkezi Aziýanyň uniwersitetlerinde ýokary bilim alyp bilerler.

Owgan gyzlarynyň bir topary Ýewropa Bileleşiginiň ýardamy boýunça Merkezi Aziýanyň ýerli ýokary okuw jaýlaryna okamaga geldiler. Bu serişde ýüzlerçe owgan zenanlaryny özüne çekmek üçin, 2019-njy ýylda daşary ýurtda okamaga we talaba laýyk hünär öwrenip watanyna dolanmak şerti bilen döredilen maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylýar. Emma barlyşyksyz syýasat ýöredýän "Talybanyň" häkimiýete gelmegi bilen maksatnamanyň geljegi we zenan talyplaryň ýagdaýy nämälim bolup galýar.

"Talyban" hökümeti Owganystandaky ýokary okuw jaýlarynda aýal-gyzlara okamagy gadagan edenden soň, ÝB-niň maliýeleşdirýän taslamasyny täzeden janlandyrmaly boldy. Ol başlangyç onlarça owgan gyzlaryna Gazagystana, Gyrgyzystana we Özbegistana okamaga gaýtmaga mümkinçilik berýär. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, bäş ýyllyk okuw ýardamyny alan owgan zenanlarynyň 100-den gowragy özlerini kabul etjek ýurtlara gelip, okuwa başlamaga taýýarlanýarlar.

Ol başlangyç owgan zenanlaryna daşary ýurtlarda okamaga mümkinçilik bermek, olaryň ukyp derejesini ýokarlandyrmak hem-de olaryň jemgyýetde ýokary orunlary almagyna ýardam bermek maksady bilen 2019-njy ýylda, Kabuldaky häkimiýet Günbatar tarapyndan goldanylýan döwürde başlanypdy. Ilkinji tapgyrda gyzlardan 50 sanysynyň 2025-nji ýyla çenli, Gazagystanda we Özbegistanda okamagy üçin, doly ýardam bermek göz öňünde tutuldy.

Maksatnamanyň ikinji tapgyryna barlyşyksyz "Talyban" toparynyň 2021-nji ýylyň awgustynda Kabulda häkimiýete dolanyp gelmeginden, bary-ýogy birnäçe aý öň başlandy. Soňra bu maksatnama-da, okuwçy gyzlaryň geljegine-de howp abandy.

"Talybanyň" ýolbaşçylygyndaky hökümet başlangyç mekdepden soň, gyzlaryň bilimini dowam etdirmegini, uly gyzlara bolsa uniwersitetlere gatnaşmagy gadagan etdi. Aýallary işleýän wezipesinden boşatdylar, olara hökümete degişli bolmadyk guramalarda işlemegi gadagan etdiler.

"Talybanyň" aýallaryň bilim almagyna we işlemegine gadaganlyk girizmegine garamazdan, maksatnamanyň guramaçylary 2-nji tapgyra gatnaşyjylardan, 105 okuwçyny Merkezi Aziýa ibermegi başardy.

Azatlygyň Gazak gullugynyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, gyzlaryň Owganystandan çykmagyny gurnamak üçin, Gazagystanyň Daşary işler ministrligi "ähli taraplar bilen gepleşiklerde" möhüm orun eýeläpdir.

Maksatnamany dolandyrýan Birleşen Milletler Guramasynyň Gazagystandaky Ösüş gaznasynyň edarasy 27-nji ýanwarda, Azatlyk Radiosyna Gazagystanyň ýokary okuw jaýlarynyň 50 zenan talyby kabul etjekdigini aýtdy. Ýene-de 30 gyz Özbegistanda, 25 gyz bolsa Gyrgyzystanda bilim alar.

Olar okuwyny 2027-nji ýylda tamamlar diýlip garaşylýar.

ÝB akademiki taslamanyň birinji we ikinji tapgyrlary üçin, 5,5 million dollara golaý pul bölüp berýär. Maksatnamanyň mundan beýläk-de dowam etjekdigi heniz belli däl.

Owganystandaky häzirki ýagdaýy nazara alyp, maksatnamanyň geljegi barada soralanda, Gazagystandaky wekiliň aýtmagyna görä, "esasy kararlar, şol sanda ony giňeltmegiň mümkinçiligi ýardamçylar bilen ýakyndan maslahatlaşmaga bagly bolup durýar".

26-njy ýanwarda Talyp ýolbaşçylygyndaky hökümetiň baş wekili Zabihulla Mujahid Kabulda bu maksatnama gatnaşýan ýurtlar ýa-da beýleki taraplar bilen ýerli häkimiýetleriň arasynda, nähilidir bir ylalaşygyň gazanylandygy barada, özünde hiç bir habaryň ýokdugyny Azatlyk Radiosyna mälim etdi.

GELJEKDE NÄHILI BOLAR?

Eger maksatnama göz öňünde tutulyşy ýaly amala aşsa, Merkezi Aziýadaky 155 student gyz dürli ugurlardan: oba hojalygyndan başlap, maliýe we gymmatly baýlyklary gazyp almak, inženerçilik, söwda we ony guramalaşdyrmak, maglumat-kompýuter ulgamy boýunça diploma eýe bolarlar.

Bu ugra ýaňy başlanlarynda, onuň guramaçylary aýallaryň ýokary derejeli hünärmenler hökmünde, Owganystana dolanjakdygyny we öz jemgyýetine hem ýurduna peýdaly bolup biljekdigini göz öňünde tutupdylar.

Owgan studentleri Gazagystanda
Owgan studentleri Gazagystanda

"Talybanyň" häkimiýete gelmeginden soň, Owganystana dolanýan aýallaryň iş we wezipe geljegi garaňky görünýär. Olardan birnäçesi çet ýurtda ýaşamagy we okamagy bilen baglanyşykly janyndan howatyr edip, yzyna gaýtmak islemeýär, ol ýerde aýallaryň hukuklary agyr bolmagynda galýar.

Ýöne BMG-niň Ösüş gaznasy "Owganystana dolanmak baradaky gutarnykly karar her bir talybyň öz garamagyna galýar" diýdi.

"[Owganystana] dolanmak niýeti, hakykatdan-da, Ösüş gaznasy tarapyndan höweslendirilýär, ýöne "zyýan bir etme" diýen ýörelgä esaslanyp, hiç ýagdaýda talap edilmeýär” diýip, edaranyň wekili Azatlyga mälim etdi.

«Guramaçylar gyzlaryň okuwy tamamlandan soň, näme etjekdigi barada oýlanmaly» diýip, 2021-nji ýylda Almatynyň Energetika we aragatnaşyk uniwersitetini gutaran owgan gyzy Barna Kargar aýdýar.

Owganystanyň Balh welaýatyndan bolan 25 ýaşly gyz diplom alan wagtynda, Günbatar tarapyndan goldanylýan Kabuldaky hökümet ýykyldy. Ol öýüne dolanmak ýagdaýyndan howatyr edip, Gazagystanda galmagy ýüregine düwýär.

Kargar şondan bäri durmuş ýagdaýynyň dartgynlydygyny aýdýar. Onuň Gazagystandan pena almak haýyşy ret edilipdir. Bu bolsa Gazagystanda kanuny ýagdaýda ýaşamak we işlemek hukugyndan mahrum edýär.

"Owganystana dolanmakdan gaty gorkýaryn" diýen sözler bilen Kargar kazyýetiň kararyna arz edýär. Ol ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän taslama gatnaşmadyk student, Gazagystana bolsa 2016-njy ýylda öňki owgan hökümetiniň ýokary bilime beren ýardamy bilen gelipdir.

"Häzirki günde Owganystan daşary ýurtda döwrebap okap, hünär öwrenen we indi özüne orun almakçy bolýan aýallar üçin howply ýer” diýip, ol gyz düşündirýär.

«Biziň durmuşymyz howp astynda». Gazagystanda okaýan owgan gyzlary graždanlyk hukugyny almak isleýärler (Azatlygyň 2021-nji ýylyň 24-nji awgustynda alan wideosy):

Gazagystanyň hökümeti we owgan studentlerini kabul eden Merkezi Aziýanyň häkimiýetleri eger owgan student zenanlary okuwy tamamlandan soň zerur bolsa, gaçybatalga ýa-da ýuridik taýdan galmak üçin başga mümkinçilikleri berjekdiklerini açyk mälim etmediler.

Kabuldan bolan 23 ýaşly Rahila Ýusafzaý owgan gyzlary üçin okuw-türgenleşik programmasynyň Merkezi Aziýada ýaňadan dowam etdirilişi baradaky habary Internetden okandygyny aýdýar.

Ýusafzaý iňlis dilinde erkin gürläp bilýär, daşary ýurtlarda ýokary bilim almagy arzuw edýär hem owgan aýal-gyzlaryna hödürlenýän ýardamlary we beýleki mümkinçilikleri gözleýär.

"Talyban" gadagan edenden soň, örän köp [owgan studentleri] okuwlaryny bes etmeli boldular, [uniwersitete gatnamagy] gadagan etdiler. Olaryň daşary ýurtlarda okamagy üçin, azyndan birnäçe ýokary bilim programmasy bolar diýip umyt edýärin” diýip, ol Azatlyga gürrüň berdi.

"Okuwyny tamamlansoň olara näme boljakdygy barada, bize köp alada etmegiň geregi ýok. Bäş-alty ýylyň dowamynda, köp zat bolup geçer, köp zadyň üýtgemegi mümkin” diýip, Ýusafzaý belleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG