Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Wagner' topary ukrainleriň berk garşylyk görkezýändigini boýun aldy

Ukrain güýçleri. Bahmut, 9-njy fewral, 2023 ý.
Ukrain güýçleri. Bahmut, 9-njy fewral, 2023 ý.

Russiýanyň hakyna tutulan söweşijilerden düzülen “Wagner” toparynyň başlygy Ýewgeniý Prigožin Bahmut şäherinde ukrain güýçleriniň rus goşunyna berk garşylyk görkezýändigini boýun aldy.

Bu waka, Kiýewiň 11-nji fewralda Russiýanyň Ukrainadaky harby ýitgileriniň sanynyň soňky 24 sagadyň dowamynda 1 müň 100 esgerden geçendigini öňe süren mahalyna gabat geldi.

Prigožiniň 10-njy fewralda eden bu çykyşy ukrain resmileriniň gündogarda köpden bäri garaşylýan rus hüjümleriniň dowam edýändigini aýdan mahaly çap edildi.

Prigožin, rus harby habarçysyna beren interwýusynda rus güýçleriniň birnäçe hepde bäri güýçli söweşleriň mekany bolan Bahmuty ele geçirmelidigini hem aýtdy.

"Goşunlarymyz rahat hereket edip biler ýaly, Bahmuty [ele geçirmek] zerur" diýip, ol belledi.

Britaniýanyň Goranmak aňtaw gullugy 10-njy fewralda çap eden gündelik habarynda "Wagner" güýçleriniň 7-nji fewraldan bäri Bahmutyň demirgazygynda 2-3 km öňe gidişlik gazanandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG