Ruslaryň hakyna tutma “Wagner” toparyny esaslandyryjy Ýewgeniý Prigožin öz güýçleriniň rus goşunlary üçin gündogar Donetsk sebitindäki esasy maksada öwrülen Bahmutyň eteginde ýerleşýän obany, Krasna Horany ele geçirendigini aýtdy.
Wagnerçiler tarapyndan goltgy berlen rus güýçleri birnäçe aý bäri Bahmuty her edip, hesip edip, zor bilen ele geçirmäge çalyşýarlar. Bu şäher birnäçe möhüm ýoluň ugrunda ýerleşýär we onuň basylyp alynmagy Ukrainanyň beýleki möhüm şäherlerini hem howp astyna salyp biler öýdülýär.
Şeýle-de, Bahmut ukrain garşylygynyň nyşanyna öwrüldi we onuň ýitirilmegi belli bir derejede ruhy zyýan ýetirip biler.
Russiýanyň Ukraina garşy başlan esassyz urşuna 24-nji fewralda bir ýyl dolmagynyň öňüsyrasynda, Wladimir Putin söweş meýdanyndaky üstünlikleri görkezmäge umyt baglaýar diýip, hünärmenler aýdýar.
Putin 21-nji fewralda halka ýüzlenme bilen çykyş eder.
Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň sekretary Oleksi Danilow altynjy gün agşam Ukrainanyň telewideniýesine beren interwýusynda Russiýanyň 2023-nji ýylda etmegine garaşylýan hüjüminiň eýýäm başlanandygyny, ýöne berk garşylyga duçar bolýandygyny aýtdy.