Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Özbegistana banan eksport etmekde 'öňdäki üçlüge girdi'

Köçedäki 'bazar'
Köçedäki 'bazar'

Türkmenistan geçen ýyl Özbegistana banan eksport etmekde iň öňe saýlanan döwletiň biri boldy diýip, hökümetçi neşir Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky döwlet statistika agentligine salgylanyp habar berýär.

Geçen ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda Türkmenistan Özbegistana 345 tonna banan iberip, bu ýurda banan eksport etmekde Ekwadordan (138 ,9 müň tonna) we Gazagystandan (426 tonna) soň üçünji döwlet boldy.

"Türkmenportalyň” ýazmagyna görä, Özbegistan bu döwürde umumy bahasy 63,4 million amerikan dollaryna deň bolan 140,2 müň tonna banany import edipdir.

Bu Özbegistanyň 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 157% köp banan sarp edendigini görkezýär.

Häzirlikçe Türkmenistanyň ilatynyň sarp eden banany hakynda maglumat tapmak mümkin bolmady.

XS
SM
MD
LG