Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Daşoguz' bazarynyň duýdansyz ýykylmagy ýüzlerçe telekeçini gazançdan mahrum edýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Daşoguz welaýatynda ilat arasynda "Baý bazar" atlandyrylýan "Daşoguz" daýhan bazary duýdansyz ýumrulyp başlandy. Bu ýykyşlyk gyşyň aýazly günlerinde ýüzlerçe telekeçiniň işini togtadyp, gazançsyz galmagyna getirdi. Häkimiýetler ýykyp-ýumurma barada öňünden duýduryş berilmändigi barada şikaýat edýän telekeçilere "munuň duýdansyz ýokardan berlen tabşyryk" bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

"Daşoguz şäheriniň Magtymguly köçesiniň ugrunda ýerleşýän bazaryň takmynan 75 göterimi ýumrulýar. Gyş aýynda 300-den gowrak telekeçi öz ýerlerinden, dükanlaryndan kowuldy. Olar dükanlary we söwda tekjelerini kireýine alyp işleýärdiler" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 16-njy fewralda beren maglumatynda aýtdy.

Bazaryň ýumrulýan böleginde altyn we kümüş şaý-sepleri satylýan söwda tekjeleriniň 80 çemesi, egin-eşik dükanlarynyň 50 çemesi we beýleki ownuk dükanlaryň 70 çemesi bardy. Bu ýerdäki garbanyşhanalar hem ýere ýegsan edildi.

Telekeçileriň ençemesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, bazaryň ýumrulýandygy barada ne bazar administrasiýasy, ne-de şäher häkimligi tarapyndan öňünden duýduryş berildi.

"Bazaryň ýumruljagyny bilmeýänligimiz üçin gyş möwsümi üçin köp mukdarda eginbaşlary, aýakgaplary satyn aldyk. Bazar administrasiýasy öňünden duýduran bolsa, munça haryt satyn almazdyk. Häzir harytlarymyzy satyp bilmän, uly maddy zyýana galýarys. Hatda olary saklamaga ýer tapamyzok, nirede goýjagymyzy bilmeýäris. Bizi gyşyň ortasynda çykgynsyz ýagdaýda goýdular" diýip, ýerli telekeçileriň biri aýtdy.

Häkimiýetler ýykyp-ýumurma barada öňünden duýduryş berilmändigi barada şikaýat edýän telekeçilere "munuň duýdansyz ýokardan berlen tabşyryk" bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

"Şäher häkimliginiň resmileri 'ellerinden gelýän zadyň ýokdugyny aýdyp, 'biz hem basym gol çekmeli bolduk' diýip jogap berdiler" diýip, telekeçi sözüne goşdy.

Şol bir wagtda, häkimlik wekilleri telekeçilere bazaryň ýykylmaýan böleginde, ýagny awtoulag duralgasynda we onuň töwereginde oturyp, harytlaryny satmagy maslahat berýärler.

"Duralgada hem boş ýer galmandyr. Köp ýeri azyk söwdasyny edýän satyjylar eýeläpdir. Umumy meýdany 1,1 gektar çemesi bolan awtoulag duralgasynyň üsti açykdygyna garamazdan, adamlar güzeran görmek üçin sowuga we ýagynly howa hem kaýyl bolup, bu ýerde zatlaryny satmaga çalyşýarlar. Gat-gat galyň egin-eşik geýip, sandyrap duran satyjylary göreniňde rehmiň gelýär we olardan bir zatlar satyn alasyň gelýär. Häzir baý bazar hakyky gedaý bazary ýadyňa salýar" diýip, telekeçi aýtdy.

Ýatlatsak, bu bazarda 2013-nji ýylda ýangyn döräpdi we oňa uly zeper ýetipdi. Şondan soň habarçylarymyz bazarda giň gerimli abatlaýyş işleriniň geçirilip, onuň doly diýen ýaly täzeden gurlandygyny habar beripdiler.

Azatlyk 10 ýyl ozal täzelenen bazaryň ýumrulmagynyň sebäpleri, oňa näderejede zerurlygyň bardygyny anyklap bilmedi. Şeýle-de, onuň ýykylýan böleginde täze söwda dükanlarynyň guruljakdygyny ýa gurulmajakdygyny, ýa-da ol ýerde başga gurluşyklaryň göz öňünde tutulýandygyny hem anyklap bolmady. Redaksiýanyň bu barada bazar administrasiýasyndan we şäher häkimliginden maglumat ýa kommentariýa almak synanyşygy başa barmady.

Türkmenistanda häkimiýetleriň ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary, şol sanda bazarlary duýdansyz ýumurmagy bilen bagly ýagdaýlar wagtal-wagtal gaýtalanýar.

2016-njy ýylda Aşgabatdaky "Arzuw" bazary ýykylanda, bu ýerdäki söwdagärler dükanlaryny terk etmelidigi barada özlerine diňe iki gün öňünden duýdurylandygyny, gyssag arada uly zyýana galandyklaryny gürrüň beripdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG