Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan gurlan jaýlaryň berkligini barlamak isleýär


Bişkekde gurulýan jaýlar. Arhiw suraty
Bişkekde gurulýan jaýlar. Arhiw suraty

Ministrler kabinetiniň başlygy Akylbek Žaparow 16-njy fewralda Jogorky Keneşiň mejlisinde eýýäm gurlan we ulanmaga berlen jaýlaryň berdaşlylygyny barlamagyň planlaşdyrylýandygyny aýtdy.

Deputat Marlen Mamataliýew Türkiýedäki ýer titremeleriň netijelerini ýatlatdy we Gyrgyz Respublikasynda eýýäm gurlan jaýlary barlamak üçin komissiýa döretmegi teklip etdi.

Akylbek Žaparow bu teklibe jogap berip, eýýäm barlag geçirmek kararyna gelnendigini we degişli görkezmeleriň berlendigini aýtdy.

“Betonyň berkligini barlamak üçin Kaşkarow çekiji bar. Bu gural gymmat däl, ýöne ol biziň Gosstroýymyzda (Döwlet gurluşygymyzda), Gosekotehnadzorymyzda (Döwlet ekotehgözgeçiligimizde) bolmady. Biz ony eýýäm sargadyk. Ýörite rentgen enjamlarynyň kömegi bilen hemme zat barlanar. Bir ýerde berkitmek zerurlygy bolsa, binany näçe ýyl ozal gurandyklaryna garamazdan, biz gurujylary gözläp taparys” diýip, Akylbek Žaparow barlaglaryň birnäçe aýyň içinde tamamlanjakdygyny we, eger jaýlar berk bolsa, olaryň ýykylmajakdygyny aýtdy.

Şeýle-de ol häzir gurulýan we indi guruljak jaýlardaky barlagyň güýçlendiriljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG