Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň ýene bir ýokary derejeli resmisi öli tapyldy


 St. Peterburg. Günbatar harby okrugynyň binasy
St. Peterburg. Günbatar harby okrugynyň binasy

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň ýokary derejeli resmisi, görnüşinden, Sankt-Peterburgdaky köp gatly ýaşaýyş jaýyndaky kwartirasyndan ýykylyp, öli tapyldy.

Bu Russiýada gümürtik ýagdaýda ölen ýokary wezipeli adamlaryň häzirlikçe iň soňkusy bolup durýar.

58 ýaşly Marina Ýankina Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Günbatar harby etrabynyň maliýe we satyn alyş bölüminiň başlygy bolup işleýärdi.

Onuň 16-njy fewralda ölendigi baradaky habar ýakynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin tarapyndan işinden boşadylan general-maýor Wladimir Makarowyň Moskwanyň daşynda öli tapylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Makarowyň öz janyna kast eden bolmagynyň ähtimaldygy aýdyldy.

XS
SM
MD
LG