Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski “Russiýanyň öz ýurdunyň her bir künjeginde amala aşyrýan hüjümi üçin kanuny jogapkärçilik bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny” aýtdy. Ol bu barada 18-nji fewralda giçlik eden ýüzlenmesinde belledi.
Zelenski bularyň diňe bir 24-nji fewraldan soňky ýagdaýlar bilen çäklenmän, eýse 2014-nji ýyldan soňky “wagşyçylyklary” hem öz içine alýandygyny aýtdy. 2014-nji ýylda Russiýa Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp aldy we ýurduň gündogarynda separatist söweşini başlatdy.
Bu aralykda, ukrain harbylary Russiýanyň Harkow, Donetsk we Luhansk sebitlerine hüjümlerini dowam etdirýändigini habar berdi.
Mundan başga-da, Russiýa Hmelnytskýi, Dnipropetrowsk, Donetsk we Herson regionlarynyň raýat maksatly desgalaryna zarba urdy.