Premýer-ministr Denis Şmyhal 20-nji fewralda Halkara pul gaznasynyň başlygy bilen duşuşandan soň, Ukrainanyň azyndan 15 milliard dollarlyk köp ýyllyk goldaw programmasyna umyt baglaýandygyny aýtdy.
HPG-nyň baş müdiri Kristalina Georgiýewa bilen ukrain resmileriniň arasynda Kiýewde geçirilen gepleşikler Halkara pul gaznasy Ukraina bilen işgärler derejesinde ylalaşyk gazanylandygyny we doly karz maksatnamasy baradaky gepleşiklere esas döredýändigini aýdanyndan üç gün soň boldy.
Şmyhal bu maksatnamanyň iki bölekden ybarat boljakdygyny - birinji bölegiň bada-bat beriljek maliýe kömeginden, ikinji bölegiň konfliktden soňky dikeldiş işlerine, gurluşyk reformalaryna beriljek goldawdan ybaratdygyny aýtdy.