Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Russiýa garşy girizen täze sanksiýalarynyň arasynda rus-türkmen ýarag söwdagäri bar

Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

ABŞ Moskwanyň Ukraina esassyz çozmagynyň birinji ýylyna gabat Russiýanyň firmalaryna, banklaryna we şahsyýetlerine garşy gadagançylyklaryň täze tapgyryny girizdi.

24-nji fewralda yglan edilen sanksiýalaryň Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasy sebäpli girizilen ozalky gadagançylyklardan sowa geçmäge ýardam beren guramalary we şahsyýetleri nyşana alýandygy bellenilýär.

Gadagançylyga düşenleriň arasynda rus-türkmen ýarag söwdagäri Nurmyrat Gurbanow hem bar. Onuň Russiýanyň we Belarusyň goranyş firmalaryna daşary ýurtlarda wekilçilik edendigi aýdylýar.

Gurbanow Russiýanyň daşary ýurtlar bilen harby we tehniki tagallalaryna ýardam beripdir.

Mundan başga-da, Gurbanow ABŞ-nyň sanksiýalaryna düşen Belarusyň 'OKB TSP Scientific Production Limited Liability Company' ýarag kärhanasynyň daşary ýurtlardaky söwda amallaryna hem wekilçilik edipdir. Bu kärhana gysga aralyga niýetlenen howa hüjüminden goranyş ulgamlaryny ýasaýar.

Onuň düýbi Kiprde ýerleşýän "Stella Leone Limited" firmasynyň eýesidigi hem bellenilýär.

Gürrüňi gidýän şahsyň ozalky terjimehaly barada bada-bat maglumat elýeterli däl.

XS
SM
MD
LG