Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TH: Türkiýä ynsanperwerlik kömegi üçin häkimliklerden we Kärdeşler arkalaşyklaryndan pul ýygnalýar


Türkmenistanyň daşary ýurda iberýän ynsanperwer kömegi. "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat
Türkmenistanyň daşary ýurda iberýän ynsanperwer kömegi. "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat

Türkmenistanda Türkiýedäki ýertitremede ejir çekenlere dokma önümlerini satyn almak üçin etrap häkimlikleri 2500 manady, şäher we welaýat häkimlikleri 4000 manady ýörite bank hasabyna geçirmeli. Bu barada "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp, 28-nji fewralda maglumat çap etdi.

"Bu pula Türkmenistanda öndürilen ýorganlar, polotensalar we eginbaşlar satyn alnar. Türkiýä eýýäm iberilen ynsanperwerlik kömeginiň bukjalarynda ýurduň Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Zenanlar birleşiginiň hasabyna satyn alnan ýorgan-düşekler we egin-eşikler bar" diýip, neşir çeşmesiniň sözlerine sitirledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada öz ýurt içindäki habarçylaryndan we çeşmelerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi. Redaksiýanyň bu barada Aşgabadyň, Ahalyň häkimliklerinden kommentariýa almak synanyşygy hem başa barmady.

Ýöne bu maglumat Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oralyň nobatdaky türkmen ynsanperwerlik kömeginiň ýertitremäniň bolan sebitine iberilendigini aýdyp, munuň üçin Türkmenistanyň Zenanlar birleşigine minnetdarlyk bildiren mahalyna gabat geldi.

"Şu gün 8,6 tonnadan ybarat ynsanperwerlik kömegi, şol sanda lukmançylyk esbaplaryny, gyş eşiklerini we düşekleri alyp barýan ýük ulagyny ýertitremäniň bolan sebitine iberdik. Kömek berendigi üçin #TürkmenistanZenanlarBirleşigine minnetdarlygymy bildirýärin" diýip, türk ilçisi 28-nji fewralda Twitter hasabynda paýlaşan maglumatynda aýtdy.

Türk ilçisi şol güni irden paýlaşan maglumatynda hem, "ilçihanamyzyň utgaşdyrmagy bilen, şu gün irden ýertitremäniň bolan sebitine Türkmenistandan goşmaça 1100 ýorgan we 89 krowat iberdik. Kömek eden raýatlarymyza, Türkmenistandaky kompaniýalarymyza, Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaýyna, Türk howaýollary kompaniýasyna minnetdarlygymyzy bildirýäris" diýdi.

6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda we Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda 7,8 bal derejesinde bolan ýertitremede 50 müňden gowrak adam heläk boldy. Ýertitremeden ejir çeken şäherleriň müňlerçe ýaşaýjysy öýsüz galdy, hassahanalar, mekdepler we ýaşaýyş jaýlary ýaly müňlerçe bina ýykyldy. Türkiýe üç aýlyk adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Türkmenistan bu ýertitremede ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini yzygiderli iberip gelýär. Bu kömekler esasan ýurduň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýeti, Gurbanguly Berdimuhamedow gaznasy ýaly döwlet guramalarynyň utgaşdyrmagynda iberilýär.

Mundan ozal, Gyzyl ýarymaý milli jemgyýeti Gurbanguly Berdimuhamedow gaznasynyň ýolbaşçylygynda jemgyýetçilik guramalaryndan, kompaniýalardan we raýatlardan ýygnalan ynsanperwerlik ýardamyň uçar bilen Türkiýä ugradylandygyny habar beripdi.

Şol bir wagtda, 20-nji fewralda Balkan welaýatyndaky habarçylarymyz Türkmenbaşy şäheriniň Ruhyýet köşgünde, şeýle-de, etrap we obalaryň medeniýet öýlerinde işgärlerden Gurbanguly Berdimuhamedow gaznasyna geçirmek üçin mejbury pul toplanýandygy barada maglumat beripdiler.

Şonda medeniýet işgärleriniň ikisi her haýsysynyň 750 manat möçberindäki puly haýyr-sahawat gaznasyna geçirmäge mejbur bolandygyny aýdypdy.

Türkmenistanlylaryň ençemesi Türkiýe üçin guralan haýyr-sahawat işlerine oňyn baha berse-de, türkmen häkimiýetleriniň öz çäginde bolýan tebigy hadysalar barada ne öňünden, ne-de yzýanyndan maglumat bermezligine, zyýan çekenlere kömek etmezligine nägilelik bildirýär.

"21-nji fewralda Balkanyň käbir sebitlerinde turan güýçli tozanly ýel onlarça ýaşaýjynyň üçeklerini opurdy. Agaçlar, elektrik we telefon simlerini geçirýän kabel sütünleri ýykyldy. Ýöne mundan ozalky ýyllarda bolan tebigy hadysalarda bolşy ýaly, bu barada ne häkimiýetler, ne-de metbugat serişdeleri kelam agyz söz aýtdy" diýip, balkanly ýaşaýjy geçen hepde gürrüň beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG