Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň döwlet mediasy: Tähran Russiýadan SU-35 söweş uçaryny satyn almakçy 


Eýranyň döwlet habar beriş serişdeleri Russiýanyň Tähranyň SU-35 söweş uçarlaryny satyn almak baradaky soragyna "oňyn jogap" berendigini aýtdy. (faýl suraty)
Eýranyň döwlet habar beriş serişdeleri Russiýanyň Tähranyň SU-35 söweş uçarlaryny satyn almak baradaky soragyna "oňyn jogap" berendigini aýtdy. (faýl suraty)

11 martda Eýranyň döwlet habar beriş serişdeleri Tähranyň Russiýadan döwrebap SU-35 söweş uçarlaryny satyn almak barada şertnama baglaşandygyny habar berdiler. Habarda Eýranyň BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky missiýasyna salgylanylýar.

"Eýran birnäçe ýurtdan Eýrana söweş uçarlaryny satmagyň mümkinçiligini öwrenmegi haýyş etdi we Russiýa bu haýyşa oňyn jogap berdi" -diýlip, missiýanyň aýdandygyny IRIB telekanaly habar berdi.

Eýran mediasynyň habarynda rus tarapynyň pikiri ýok we jikme-jiklikler berilmeýär.

XS
SM
MD
LG