Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Ukrainaky söweşde iki hepdede 1638 orsýetli öldi'

Bahmut. Ukraina
Bahmut. Ukraina

Soňky iki hepdäniň dowamynda 1638 rus harby gullukçysy we "Wagner" toparynyň hakyna tutma söweşijisi Ukrainadaky söweşde öldi. "Mediazona", BBC we meýletinçiler tarapyndan çap edilen sanlara görä, bu iň uly adam ýitgisi.

Barlap boljak maglumatlara görä, uruş başlanaly bäri ölenleriň umumy sany 16 774 adamdy.

"Mediazona", ölenleriň köpüsiniň "Wagner" toparyna degişlidigini ýazýar.

Gazet rus goşunlary üçin esasy ugruň henizem Bahmutdygyny ýazýar. Žurnalistler ol ýerde ölen 800 adamyň adyny anykladylar.

Ölenleriň köpüsi Swerdlowsk we Çelýabinsk sebitlerinde, Başkortostan, Burýatiýa we Dagystan regionlarynda jaýlanýar.

Russiýanyň Goranmak ministrligi öz harbylarynyň arasyndaky ýitgileri barada maglumatlary aýan etmeýär we žurnalistleriň çap edýän sanlaryna teswir bermeýär. Ukrain häkimiýetleri hem ölenleriň sany barada hasabat bermeýär.

Günbatar aňtaw gulluklarynyň maglumatlaryna görä, öldürilen we ýaralanan rus harbylarynyň umumy sany 200 müň adama ýetip biler, ölenleriň sany 60 müň çemesi.

Noýabr aýynda Pentagon iki tarapda-da Russiýada we Ukrainada ýitgileriň hersiniň 100 000 töwereginde diýip çaklady. Ýurtlaryň ikisi-de Waşington tarapyndan berlen sanlara jogap bermedi. Uruş şertlerinde söweşýän taraplaryň hasabatlaryny çalt barlamak kyn.

XS
SM
MD
LG