Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak permanyna gol çekdi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Serdar Berdimuhamedow 15-nji martda «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» permana gol çekdi diýip, türkmen mediasy habar berdi.

Prezidentiň permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylar aprel — iýun aýlarynda harby gullukdan boşadylar; çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk erkekler, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren, ýaşy 27-ä çenli bolan erkekler 2023-nji ýylyň aprel — iýun aýlarynda harby gulluga çagyrylar.

XS
SM
MD
LG