Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Esgerler: Harby biledi almak üçin ofiserlere para bermeli


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda raýatlary çagyryş boýunça harby gulluga almak we gulluk möhletini tamamlan esgerleri öýlerine ugratmak işi dowam edýär. Şu günler harby gullugy tamamlap, öýlerine dolanan öňki esgerler ofiserlerden harby biletleri almak üçin para bermeli bolandyklaryny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatyndan maglumat berdi.

"Harby gullugy tamamlap, öýlerine gelýän esgerleriň ýanyndaky ofiserler otly welaýatyň merkezi şäheri Türkmenabada ýakynlaşan mahaly, her esgerden 100 manat bermegi soradylar. Olar esgerlere 'pul bermeseňiz, harby bilediňizi berjek däl' diýdiler. Esgerleriň köpüsi ýanyndaky puldan çykaryp berdi. Käbiri 70, käbiri-de 50 manat berdi. Esgerleriň arasynda ofisere 'bar pulum şu' diýip, 20 manat berip, harby biletlerini eline alanlar hem bar" diýip, Daşoguz welaýatynda gulluk edip, geçen hepde öýüne dolanan öňki esger aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ofiserler ýanynda puly bolmadyk esgerlerden öz ene-atalaryna jaň etmegi talap etdiler. Bu esgerler ene-atalaryndan ofiseriň beren telefon belgisine 50 manat geçirmegi soramaga mejbur edildiler.

Harby bölümlerden Türkmenabada gelýän otlularda iki-üç sany harby ofiser bolýar. Olar esgerler otludan düşende, olaryň harby biletlerini ellerine gowşurýarlar. Ofiserler esgerleriň tertip-düzgünine, şol sanda spirtli içgileri içmezligine gözegçilik edýärler. Olar esgerleri ene-atalaryna tabşyryp, harby bölümlere dolanýarlar.

"Bu ofiserler Ahal ýa-da Mary welaýatlaryndaky wokzallarda düşüp, 'hany, kime iýer ýaly çörek, somsa ýa-da suw almaly?' diýip, esgerleriň ynamanyna girip, olaryň pullaryny aldylar. Ýöne olar otla yzyna gelenlerinde, 'çörek, somsa ýok eken' diýip, esgerlerden alan pullaryny hem yzyna bermediler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran, harby gullugy tamamlan başga bir öňki esger aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak möwsümi we ýurt raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy şu ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda amal edilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky permana 17-nji sentýabrda gol goýdy.

Türkmenistanda esgerleriň harby gulluga gidýän, harby gullugy geçýän ýa-da harby gullugy tamamlap, öýlerine dolanýan döwründe para bermäge mejbur bolýandyklary barada Azatlyk ýyllarboýy habar berip gelýär.

Ene-atalaryň birnäçesiniň geçen hepde habarçymyza gürrüň bermegine görä, harby ofiserler gulluk möhletiniň tamamlanan wagtynda öýlerine gitmek isleýän esgerlerden 1000 manat para soraýarlar ýa-da öz öýlerini abatlap bermegi talap edýärler.

Mundan başga-da, habarçylarymyz Türkmenistanyň harby bölümlerinde gullukçylaryň durmuş üpjünçilik ýagdaýynyň pesdigini hem yzygiderli habar berýärler.

7-nji noýabrda Balkandaky habarçymyz welaýatyň Serdar harby birikmesindäki "ýowuz dedowşina sebäpli", çagyryş boýunça harby gulluk borjuny ýerine ýetirýän sekiz esgeriň aýry-aýrylykda harby gullukdan gaçandygyny aýtdy. Ol bu wakalaryň 19-njy oktýabr bilen 2-nji noýabr aralygynda bolandygyny belläp, esgerleriň aýry-aýrylykda Türkmenbaşy-Aşgabat ýolunda saklanandygyny hem aýtdy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde ýurduň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda gulluk edýän harby gullukçylaryň durmuş üpjünçilik ýagdaýynyň örän ýokarydygy tekrarlanyp, ýokardaky ýagdaýlar barada hiç zat aýdylmaýar.

Bu aralykda, käbir öňki esgerler habarçymyz bilen söhbetdeşlikde goşunda egin-eşik üpjünçiliginiň pesdigi barada hem habar berdiler. Hususan-da, olar öýlerine dolanýan esgerlere berilýän harby eşikleriň juda könedigini, köp ýeriniň ýyrtykdygyny we deşikdigini aýtdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG